Alymlar Aýda syrly ýerasty gowagy tapdylar

Alymlar Aýyň üstünde ilkinji gezek ýerasty gowagy tapdylar. Bu barada «BBC» habar berdi.

         Habara görä, kesgitlenen gowak Aýyň ýüzünden azyndan 100 metr aşakda ýerleşýär. Alymlar planetada şeýle ýerasty gowaklaryň köp bolmagy mümkin diýip çaklaýarlar.

         Hünärmenler topary täze gowagy geljekdäki adam kosmos missiýalary üçin esas hökmünde görýär. Gowak kosmonawtlary kosmiki radiasiýadan, aşa temperaturadan we kosmos bulutlaryndan gorap biler.

         Aýdaky syrly jisimi Italiýanyň Trento uniwersitetiniň alymlary Lorenzo Bruzzone we Leonardo Karrer tapdy. Emeli hemrada “Mare Tranquillitatis” atly gaýaly tekiz meýdany synladylar we kosmos giňişligindäki radar arkaly güman edilýän çuňlugy anykladylar.

         Gowak ABŞ-nyň «Apollon 11» missiýasynyň gonýan ýeriniň golaýynda ýerleşýär. Onuň iç ýüzüniň wulkan külünden we gaýa magdanyndan ybaratdygy çak edilýär.

         Professor Karrer: «Bu hakykatdanam tolgundyryjy waka. Bu açyşlary amala aşyranymyzda we bu suratlara seredenimizde, özümiziň adamzat taryhynda muny gören ilkinji adamdygymyz, biz üçin diýseň täsin duýgydyr» – diýip belledi.

         Alymlar adamzadyň Aýda tapylan gowaklary ýakyn 20-30 ýylda ulanyp biljekdigini aýtdylar. Günbatar ýurtlaryň kosmos stansiýasyny gurmak meýilnamasy eýýäm bar.

Ответить