Amir Han Muttaki: Owganystan TOPH taslamasynyň owgan bölegindäki işlere başlamaga taýýar

Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Amir Han Muttaki Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi taslamasynyň möhümdigini belläp, bu taslamanyň owgan bölegindäki işlere başlamaga taýýardyklaryny belledi. Bu barada şu gün «Ata Watan Türkmenistan» halkara žurnaly habar berdi.

Owgan metbugatynyň habayrna görä, Amir Han Muttaki taslamanyň owgan ykdysadyýeti üçin möhüm bolup durýandygyny, her ýyl üstaşyr tebigy gazy geçirmek bilen 450 million dollar girdeji gazanyljakdygyny we 5 million kubmetr tebigy gaz aljakdyklaryny aýtdy.

Muttaki Türkmenistanyň Owganystanyň esasy ykdysady hyzmatdaşy bolup durýandygyny nygtady we Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçiriji, demirýol we beýleki taslamalarda Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belläp geçdi.

– TOPH taslamasyny başlamak üçin ähli taýýarlyk işleri geçirildi we her iki döwlet hem muňa taýýar. Iki ýurduň arasynda degişli resminamalara gol çekiler – diýip, Muttaki belledi.

Şeýle hem Muttaki bu gaz geçirijisi bilen ýyllyk 33 milliard kubmetr tebigy gazyň iberiljekdigini, munuň 5 milliardynyň Owganystana, Pakistan bilen Hindistana bolsa, 14 milliard kubmetriniň eksport ediljekdigini aýtdy.

Ответить