Angela Merkel köp bölümli çeper filmiň baş gahrymany boldy

Germaniýanyň öňki kansleri Angela Merkeliň pensiýa durmuşyndan söhbet açýan «Miss Merkel» atly köp bölümli çeper film ýaýlyma berildi. «Oxu.az» web neşiriniň  «Daily Mail» elektron gazetine salgylanyp beren maglumatlaryna görä, bu çeper film ýurtda uly gyzyklanma döretdi.

         Habarlara görä, Germaniýanyň ozalky kansleri pensiýa çykandan soň, öz mops jynsly iti bilen jenaýatlary derňeýär. Baş keşbi nemes aktrisasy Katarina Talbah ýerine ýetirýär. Köp bölümli bu çeper filmiň özi Deýwid Safýeniň şol bir atdaky kitabynyň mazmuny esasynda surata düşürildi.

         «Miss Merkel» köp bölümli çeper filmi sosial ulgamlarda-da uly seslenmelere sebäp boldy. Sosial mediýa ulanyjylar köp bölümli bu çeper filme  tomaşa edenlerinde täsin duýgulary başdan geçirendiklerini bellediler.

Ответить