Anna güni Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 1 100 000,00 manada we 1 825 840,32 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy

Düýn – 2024-nji ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 1 100 000,00 manada we 1 825 840,32 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Anna güni, Türkmenistanyň birža söwdalarynda daşarky bazarda BAE-niň we Özbegistan döwletiniň işewürleri “Türkmengaz” Döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy we Owganystan döwletiniň işewürleri «Türkmenhimiýa» Döwlet konserninden polietilenden öndürilen bedre satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler Türkmenistanyň Dokma Senagaty ministrliginden arassalanan nah galyndylaryny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 1 100 000,00 manada we 1 825 840,32 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.

Ответить