«Apple Inc.» kompaniýasy şahsy robotlar bazaryna girmek mümkinçiligini işjeň öwrenýär

«Apple Inc.» elmydama önümleriniň ýokary hillidigi we innowasion çözgütlere eýedigi bilen meşhurdyr. Häzir hem kompaniýa şahsy robotlar bazaryna girmek mümkinçiligini işjeň öwrenýär. Bu barada «Türkmeniň ýüpek ýoly» gazetiniň şu ýyldaky №16 (6250) belgili sanynyň 4-nji sahypasynda çap edilen «Täze ugurda işleýär» atly makalada habar berildi.

Kompaniýanyň inženerleri ulanyjylaryň yzyndan galman gezip biljek ykjam roboty, şeýle hem robot displeý hereketi bilen ösen stasionar enjamy döretmegiň üstünde işleýärler. Häzirki wagtda robotlaryň taslamasynyň başlangyç basgançakdadygy nygtalýar.

Häzirki wagtda kompaniýanyň önümçilik ugurlaryny giňeltmek üçin täze girdeji çeşmelerini gözleýändigi hem habarda aýratyn bellenýär.

Ответить