“Apple” işgärlerine torbalaryň barlagy üçin öweztölegini tölär

Apple amerikan kompaniýasy ýurduň Kaliforniýa ştatyndaky dükanlarynyň işgärlerinden kazyýete gowşan köpçülikleýin ýüztutmanyň talaplaryny berjaý etmäge razy boldy. Bu barada Blumberg ýazýar.

Ýagny kompaniýa özüne degişli dükanlaryň 52-siniň işgärleriniň howpsuzlyk maksady bilen torbalarynyň barlanmagy barada bagly nägilelik bildirip, 2013-nji ýylda ştatyň kazyýetine ýüz tutupdy.

Appleniň wekilleri işgärleriň torbalarynyň barlagynyň howpsuzlyk maksady bilen bagly barlanandygyny aýdýar, emma işgärler şeýle etmek bilen, kompaniýanyň özlerine ýitirilen wagt üçin hak tölemändigini, munuň ştatyň kanunçylygyna ters gelýändigini nygtaýarlar.

Kazyýet işgärleriň talabyny dogry tapdy we kompaniýany 30 million dollara golaý öweztölegini tölemäge borçly etdi, kazyýetiň hökümine laýyklykda, işgärleriň her biri 1286 dollar alar.

Çeşme:T-P

Ответить