«Arkadag» futbol topary geçen şenbede 50-nji resmi duşuşygyny geçirdi

Gysga wagtlyk taryhynda milli futbolymyzdaky rekordlaryň ençemesini täzelän «Arkadag» futbol topary geçen şenbede 50-nji resmi duşuşygyny geçirdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň habarçysy Agageldi Italmazowyň «Türkmenistan» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky sanynda neşir edilen ««Arkadag» toparynyň şanly sepgidi» atly makalasynda habar berildi.

Şeýlelikde, ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şähere wekilçilik edýän topar türkmen futbolynyň taryhynda ilkinji 50 duşuşygynyň ählisinde ýeňiş gazanan ýeke-täk topara öwrüldi. Bu başarnyk dünýä futbolynyň taryhynda hem ýok diýerlik derejede seýrekdir.

50 duşuşyklyk ýoluň başlangyjy geçen ýylyň aprel aýyndan gaýdýar. Topar şondan bäri bir ýarym möwsümde Türkmenistanyň çempionatynda 42, ýurdumyzyň Kubogy ýaryşynda bolsa 8 duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyklaryň ählisi «Arkadag» futbol toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Ýeri gelende aýtsak, toparyň ýubileý duşuşygy Türkmenistanyň çempionatynyň 20-nji tapgyryna gabat geldi. Bu duşuşykda «Arkadag» futbol topary paýtagtymyzyň «Altyn Asyryny» 5:1 hasabynda utdy.

50 duşuşykda toparyň futbolçylary garşydaş derwezelere 202 gol geçirdiler. Şeýlelikde, toparyň resmi duşuşyklardaky 200-nji goly hem ýubileý duşuşyga gabat geldi. «Arkadag» toparynyň futbolçylary bu gollaryň 171-sini Türkmenistanyň çempionatynda, 31-sini bolsa Kubok ýaryşlarynda geçirdiler.

200-den gowrak gol geçirilen döwürde toparyň hüjümçisi Didar Durdyýewiň başarnygy aýratyn göze ilýär. Ol toparyň bir ýarym ýyl çemesi wagtda geçiren gollarynyň dörtden birini — 53-sini öz adyna ýazdyrdy. Şeýle hem ezber futbolçylar Altymyrat Annadurdyýewiň hasabynda 23, Begenç Akmämmedowda 19, Begmyrat Baýowda 17, Şanazar Tirkişowda bolsa 16 gol bar. Toparyň 50 resmi duşuşygynda jemi 23 futbolçy tapawutlandy.

«Arkadag» futbol topary 50 resmi duşuşygynyň 8-sini paýtagtyň «Altyn Asyry» bilen geçirdi. Şeýle hem «Köpetdag», «Şagadam» we «Energetik» toparlarynyň her haýsy bilen 7, «Ahal» bilen 6, «Merw», «Aşgabat» hem-de «Nebitçi» toparlary bilen 5 duşuşykdan geçirildi. Topar bu duşuşyklarda häzirki wagtda milli ýaryşlardan çekilen Marynyň «Energetik» toparynyň derwezesinden 35, «Altyn Asyryň» derwezesinden 31, paýtagtyň «Köpetdag» toparynyň derwezesinden bolsa 29 gol geçirdi. Şeýle hem toparyň futbolçylary «Aşgabat» bilen geçirilen duşuşyklarda 25, «Merw» bilen bolan oýunlarda 22, «Şagadam» we «Ahal» toparlaryna garşy geçirilen duşuşyklarda 21, Balkanabadyň «Nebitçisine» garşy oýnalan oýunlarda 20 gezek tapawutlandylar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, topar ilkinji halkara synagyna şu ýylyň oktýabr aýynda çykar. AFK-nyň Çagyryş ligasynyň «B» toparçasyna wekilçilik edýän ýurdumyzyň çempiony toparçanyň Kuweýtiň Ardiýa şäherinde merkezleşdirilen görnüşde geçiriljek duşuşyklarynda 26-njy oktýabr güni Maldiwleriň «Maziýa» toparyna garşy oýnar. Ildeşlerimiziň 29-njy oktýabrdaky garşydaşy Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş ata» futbol topary bolar. Ýurdumyzyň çempiony ýaryşyň toparçalaýyn bölegindäki çykyşyny 1-nji noýabrda Kuweýtiň «Al-Arabi» topary bilen geçirjek duşuşygy arkaly tamamlar. Häzirki zaman türkmen futbolynyň iň güýçli wekili toparçada birinji orny eýeläp bilse, ýaryşyň çärýek finalyndaky ornuny berkider. Eger «Arkadag» topary toparçada ikinji orny eýelese, ýaryşyň indiki tapgyryna çykmak üçin günbatar sebite wekilçilik edýän «A», «B» we «C» toparçalarynda ikinji orny eýelän wekilleriň arasynda iň gowy netijäni görkezmegi gerek bolar.

Taryhyny milli rekordlar bilen bezeýän topara halkara ýaryşlarda hem üstünlikleri arzuw edýäris!

Ответить