«Arkadag hem Pyragy — köňüller şamçyragy» atly täze kitap çapdan çykdy

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çapdan çykan, Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty A.Baltaýewiň «Arkadag hem Pyragy — köňüller şamçyragy» atly täze kitap çapdan çykdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň 2024-nji ýylyň 19-njy iýulyndaky № 183 (31118)  sanynyň 4-nji sahypasyndaky «Mertebeli menzilleriň beýany» atly makalada habar berilýär.

         Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Magtymguly Pyragynyň dürdäne eserlerinden ruhlanylyp, täzeçe ylmy çemeleşiş esasynda taýýarlanan, beýanyň mazmunyna görä owadan suratlar bilen bezelen täze kitap «Arkadag, döwür we Pyragynyň paýhas ummany», «Adamzadyň paýhas ummany — Arkadag hem Pyragy», «Watansöýüjiligiň beýik mekdebi», «Tebigat bilen sazlaşyk — milli terbiýäniň gözbaşy», «Medeniýet milletiň mertebesidir!», «Asyrlaryň bagtyýarlyk nury» atly bölümleri öz içine alýar.

         «Arkadag hem Pyragy — köňüller şamçyragy» atly kitap hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Karary bilen tassyklanan «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda taýýarlanyldy. Bu kitapda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Magtymguly Pyragynyň eserleriniň mantyk-düşünjeleri, çeperçilik baýlygy, pelsepe-taglymat gymmatlygy, nesilleri merdana atalarymyzyň ruhlaryna ygrarly edip terbiýelemekdäki ähmiýeti, watanperwer sapaklary giňden açylyp görkezilýär.

Ответить