«Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynda süýtli çaga şülesiniň 4 görnüşiniň önümçiligine badalga berildi

Häzirki wagtda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy tarapyndan 6 aýdan uly bäbejikler üçin goşmaça iýmit bolan süýtli çaga şülesiniň 4 görnüşiniň önümçiligine badalga berildi. Has takygy, tüwüli, tüwüli we bananly şüle, manny ýarmasy we ary bally şüle, däneli ösümlikleriň şülesi ýaly görnüşlerini taýýarlamak işi doly ýola goýlup, olar ýurdumyzyň degişli edaralary, ak bazarlary, söwda merkezleri arkaly satuwa çykarylýar. Bu önümleriň düzümi mikro we makro elementlere, witaminlere baýdygy, taýýarlanylyşynyň aňsatdygy bilen tapawutlanýar.

Täze harytlaryň önümçilik tapgyrynda ilki gury önüm ýörite gapda ýygnalýar we garylýar. Onuň bir bölegi nusga hökmünde barlaghana iberilýär. Ekologik taýdan arassalygy, çagalary iýmitlendirmegiň ähli talaplaryna laýyklygy barlanandan soňra, guradylan goşundy geçiriji ulgam arkaly guýujy topluma iberilýär. Bu ýerde gury önüm bir gezeklik ulanylýan ykjam haltalara gaplanýar, agramy ölçenýär we kagyz gutulara ýerleşdirilip, agzy örtülýär. Gabyň daşyna harydyň belgileniş nyşany, önümiň öndürilen senesi bellenilýär hem-de 12 sany önüm gutusyndan ybarat uly gaba ýerleşdirilýär. Gutarnykly önümiň nusgasy ýene-de barlaghana iberilýär. Önümler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň hil menejment ulgamynyň TDS ISO 9001 talaplaryna laýyk gelýän barlaghanalarynda degişli barlaglardan geçirilip, köpçülik üçin satuwa goýberilýär.

Geljekde Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýat, etrap saglygy goraýyş edaralarynyň çagalar bölümlerini bu çaga iýmitleriniň kesgitli bölegi bilen üpjün etmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ilatynyň islegleri doly kanagatlandyrylandan soňra, olary daşary ýurtlara eksport etmek hem göz öňünde tutulýar.

Mälim bolşy ýaly, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp hem-de ýurdumyzyň lukmançylyk edaralaryny ekologik taýdan arassa, hil babatda halkara görkezijilere doly laýyk gelýän, ýerli çig mallardan öndürilýän lukmançylyk serişdeleriniň möçberini artdyrmak, saglygy goraýyş edaralarynyň bu serişdelere bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen, Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlaryny döretmek konsepsiýasynyň çäklerinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredildi. Bu kärhana tarapyndan saglygy goraýyş ulgamynda gündelik peýdalanylýan lukmançylyk serişdeleriniň görnüşlerini, şol sanda ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän pamyklary, dokalmadyk matadan bir gezeklik agyz-burun örtüklerini, başgaplary, halatlary, ýorgan-düşek daşlyklaryny, aýakgap örtüklerini, hassahanalar üçin zerur bolan saglyk maksatly serişdeleri öndürmek işi ýola goýuldy. Bu günki günde bu düzüm tarapyndan öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak babatda ylmy taýdan esaslandyrylan işler alnyp barylýar.

Ответить