Aşgabatda Koreýa  Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň 12-nji kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy  ýylymyzyň 24 – 25-nji awgustynda paýtagtymyz Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda sportuň taekwondo görnüşi boýunça Koreýa  Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň 12-nji kubogyny almak ugrundaky ýaryş geçirildi. Bu sport ýaryşyna ýurdumyz boýunça 170-den gowrak türgen gatnaşdy. Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebinden bolsa jemi 16 sany türgen gatnaşyp, olaryň dördüsi 1-nji orna, ýene dördüsi 2-nji orna, bäşisi bolsa üçünji orna mynasyp boldular.

         Sportuň Taekwondo görnüşi boýunça Koreýa Respublikasynyň Türkmenis- tandaky ilçihanasynyň 12-nji kubogyny almak ugrundaky ýaryşda Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň türgenlerinden Baýramguly Hudaýgulýew (2009 ý.) 45 kilogram agramda,  Mekan Kakageldiýew (2009 ý.) 44 kilogram agramda, Ýunus  Kakajanow (2011 ý.) 53 kilogram agramda, Züleýha Kaýumberdiýewa (2012 ý.) 32 kilogram agramda çykyş edip 1-nji orny, Gadyrmuhammet Wepaýew (2010 ý.) 50 kilogram agramda, Pälwan Annaýew (2011 ý.) bilen Nurýagdy Nurýagdyýew (2013 ý.) 36 kilogram agramda, Näzik Mustapaýewa (2013 ý.) 25 kilogram agramda çykyş edip 2-nji orny, Myrat Öwezow (2008 ý.) 73 kilogram agramda, Salyh Kakajanow (2009 ý.) 51 kilogram agramda, Ýeńiş Kakalyýew (2011 ý.) 36 kilogram agramda, Selim Geldimyradow (2009 ý.) 58 kilogram agramda, Zyba Aşyrowa (2010 ý.) 46 kilogram agramda çykyş edip 3-nji orny eýelediler.

         Paýtagtymyz Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda sportuň taekwondo görnüşi boýunça Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň 12-nji kubogyny almak ugrunda geçirilen ýaryşda üs­tün­lik­li çy­kyş edip, ýe­ňi­ji bo­lan ýaş tür­gen­le­re hor­mat hat­la­ry, ýa­dy­gär­lik me­dal­la­ry we gym­mat ba­ha­ly sow­gat­lar be­ril­di. Bu sport ýaryşy Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň türgenleri üçin hem örän şowly sport ýaryşlarynyň biri boldy.

Kaýumberdi Annadurdyýew,

Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň tälimçi mugallymy.

Ответить