Astanada 2025-nji ýyla çenli polietilen paketleriň ulanylmagyny doly bes etmek göz öňünde tutulýar

2025-nji ýyla çenli Gazagystanyň Astana şäherindäki supermarketlerde hem-de beýleki söwda nokatlarynda polietilen paketleriň ulanylmagyny doly bes etmek göz öňünde tutulýar. Bu barada, «Biznes reklama» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 22-nji iýulyndaky №30 (1337) sanynyň 8-nji sahypasynda neşir edilen «Astanada polietilen paketleri ulanmak bes ediler» atly makalada habar berildi.

         Şäheriň häkimligi tarapyndan taýýarlanylan düzgünlere laýyklykda, adaty polietilen paketler ekologiýa taýdan arassa orun tutarlar — biodegrirlenip bilinýän torbalar we gaýtadan ulanylýan eko-torbalar bilen çalşyrylar. Bu çözgüt plastik önümleriň daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmagy maksat edinýär. Häzirki wagtda dünýäniň 76 ýurdunda polietilen paketleri ulanmagy gadagan etmek boýunça işler alnyp barylýar.

Ответить