Astanada Özbegistanyň Prezidenti  Şawkat MirziýoýewMerkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanyldy

Astanada geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki çözgüdi bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglandy. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidebtiniň resmi web saýtynda habar berildi.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart-Tokaýew Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany dabarly ýagdaýda gowşuryldy.

Bu dabara Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygyna hormatly myhman hökmünde çagyrylan Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Aliýew hem gatnaşdy. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze hem çagyryldy.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ilkinji konsultatiw duşuşygy Gazagystanda, ikinji duşuşygy Özbegistanda, üçünji duşuşygy Türkmenistanda, dördünji duşuşygy Gyrgyzystanda, bäşinji duşuşygy Täjigistanda geçirildi.

Her ýyl bir döwletde geçirilýän bu duşuşykda döwlet Baştutanlaryny Hormat nyşany bilen sylaglamak asylly däbe öwrüldi.

Ýadyňyzda bolsa, Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde – 2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda günüň ikinji ýarymynda «Kasri Millat» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak dabarasy geçirilipdi.

Ответить