Astrahanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp köpçülikleýin medeni çäre geçirildi

Düýn – 2024-nji ýylyň 23-nji awgustynda Astrahanda Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp köpçülikleýin medeni çäre geçirildi. Türkmenistanly wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen çäräniň guramaçysy bolup Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherindäki Türkmenistanyň konsullygy çykyş etdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherindäki Türkmenistanyň konsullygynyň resmi web sahypasynda rus dilinde habar berildi.

Çäre Astrahanyň döwlet uniwersitetiniň seýilgähinde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyndan başlady, soňra Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýewiň ýolbaşçylyk etmeginde çeperçilik toparynyň çykyşlaryna tomaşa edildi. Türkmenistanyň halk artisti şahyryň goşgylaryna düzülen aýdymlary ýerine ýetirdi. Astrahanyň W.N.Tatişşew adyndaky döwlet uniwersitetinde okaýan Türkmenistanly talyplar Magtymguly Pyragynyň goşgularyny rus we türkmen dilinde okadylar.

Bu çärä Astrahan welaýatynyň daşary gatnaşyklary ministriniň orunbasary Tropisin Ilýa Wasilýewiç, döredijilik sapary bilen Astrahana baran Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýewiň ýolbaşçylyk etmeginde çeperçilik topary, şeýle-de Astrahanyň W.N.Tatişşew adyndaky döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanly talyplary gatnaşdylar.

Ответить