«Atlaz» hojalyk jemgyýetinde syýahatlar üç ugur boýunça alnyp barylýar

«Atlaz» hojalyk jemgyýeti tarapyndan häzirki wagtda ýurdumyzyň gözel künjeklerine syýahatlar üç ugur boýunça alnyp barylýar. Bu barada «Rysgal» gazetiniň 2024-nji ýylyň 15-nji iýulyndaky sanynyň 6-njy sahypasynda neşir edilen «Geljekki üstünlikleriň çelgisi» atly makalada habar berilýär.

         Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Atlaz» hojalyk jemgyýeti tarapyndan häzirki wagtda ýurdumyzyň gözel künjeklerine — taryhy-medeni we tebigy ýadygärliklere gyzykly gezelençler hem-de syýahatlar guralýar. Şoňa görä-de, kärhananyň hünärmenleri tutanýerli zähmet çekip, öz öňlerinde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli çözýärler.

         Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän hem-de 1999-njy ýylda esaslandyrylan hojalyk jemgyýeti geçen döwürde oňyn tejribe gazandy. Bu ýerde hünärmenleriň 20-den gowragy zähmet çekip, olar häzirki zaman syýahatçylygyny guramagyň we alyp barmagyň esaslaryny oňat özleşdiripdirler. Syýahatçylyk bilen iş salşanyňda, hünärmen üçin dil taýýarlygy örän wajyp ähmiýete eýe bolup, kärhananyň işgärleriniň hatarynda iňlis, rus, pars dilleri boýunça ýolbeletleriň bolmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

         Häzirki wagtda bu ýerde syýahatlar üç ugur boýunça alnyp barlyp, ilkinji nobatda, içerki we giriş syýahatçylyk ugurlary barada gürrüň etmek gerek. Çünki Türkmenistan döwletimiz syýahatçylygy ösdürmek üçin amatly mesgen bolup, şunda taryhy-medeni ojaklara uly orun degişlidir. Daşary döwletlerden gelýän syýahatçylar we ýurdumyzyň raýatlary paýtagtymyz Aşgabadyň gözelliklerine haýran galmak bilen tomaşa etseler, jahankeşdeleriň ýene bir bölegi Köneürgenç taryhy ýadygärlikler toplumyna syýahat etmäge gyzyklanma bildirýärler. Munuň özi çekilýän yhlasly zähmetiň ýerine düşýändigini aňryýany bilen tassyklaýar.

         Şeýle-de «Atlaz» hojalyk jemgyýetinde çykyş syýahatçylygy hem ýokary derejede guralyp, munuň üçin daşary ýurtlaryň 30-a golaýy bilen syýahatçylyk babatda şertnama baglaşylypdyr. Şol jähetden, şu günler onlarça döwletlere gyzykly gezelençler guralyp, munuň üçin syýahata gatnaşyjylar kärhananyň hünärmenlerine sagbolsun aýdýarlar.

         Umuman, hojalyk jemgyýetinde işler döwrüň talaplaryna laýyklykda alnyp barlyp, degişli hünärmenler myhmanhanalary we ýol peteklerini öňünden bellemek hyzmatlaryny hem amala aşyrýarlar. Bu bolsa kärhananyň syýahatçylyk hyzmatlaryna bildirilýän islegiň has-da ýokarlanmagyna ýardam edip, geljekki zähmet üstünlikleriniň gazanylmagyna oňyn çelgi bolup durýar.

Habarlaşmak üçin: +99312 920167; info@atlaz.travel

Ответить