Стандартное изображение

Serdar Orazdurdyyev

Türkmenistanda «Hi-Tech Startup Turkmenistan 2024» halkara forumyna we sergisine taýýarlyk görülýär

2024-nji ýylyň 10-11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek maksady bilen «Hi-Tech Startup Turkmenistan 2024» halkara forumy we sergisi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň resmi web sahypasynda habar berildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara…

Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy we ugurdaş sergisi geçiriler

2024-nji ýylyň 10-11-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy we onuň çäklerinde ugurdaş sergi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň resmi web sahypasynda habar berildi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryndaky baý maýa goýum mümkinçiliklere bagyşlanyp geçiriljek foruma dünýäniň dürli…

Penşenbe güni Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 1 860 000,00 manada we 316 800,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy

Düýn – 2024-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 1 860 000,00 manada we 316 800,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda habar berildi. Penşenbe güni Türkmenistanyň birža…

Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň Dolandyryjylar Geňeşiniň täze düzümi tassyklandy

Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň Dolandyryjylar Geňeşiniň agzalary 2024-nji ýylyň 25-nji awgustynda birleşigiň baş edarasynda adaty gün tertibi boýunça ýygnandy. Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň Dolandyryjylar Geňeşiniň agzalary Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň merhum esaslandyryjysy hormatly Dr. Ýakup Ömeroglunyň hatyrasyny ebedileşdirip, onuň 18 ýyldan gowrak ömrüni…

Çarşenbe güni Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 404 666,82 manada we 935 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy

Düýn – 2024-nji ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 404 666,82 manada we 935 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda habar berildi. Çarşenbe güni Türkmenistanyň birža söwdalarynda…

Aşgabatda döwrebap lybaslaryň türkmen-eýran sergisi açyldy

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen bilelikde guramagynda modaly lybaslaryň sergisi açyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi. Şeýle çäre ýurdumyzda ilkinji gezek geçirildi, belki, şonuň üçindir, ol…

Amir Han Muttaki: Owganystan TOPH taslamasynyň owgan bölegindäki işlere başlamaga taýýar

Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Amir Han Muttaki Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi taslamasynyň möhümdigini belläp, bu taslamanyň owgan bölegindäki işlere başlamaga taýýardyklaryny belledi. Bu barada şu gün «Ata Watan Türkmenistan» halkara žurnaly habar berdi. Owgan…

Owganystanyň wekiliýeti Türkmenistanda saparda bolýar

Owganystanyň dag-magdan senagaty we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Hidaýatulla Badriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda saparda bolýar. Bu barada şu gün «Ata Watan Türkmenistan» halkara žurnaly habar berdi. Owgan wekiliýeti saparyň çäklerinde Türkmenistanyň degişli ministrliklerinde gepleşikler geçirerler. Şol gepleşiklerde Türkmenistan –…

Gyrgyz Respublikasynyň Ykdysadyýet we söwda ministri Türkmenistanyň Ilçisi bilen duşuşdy

Sişenbe güni – 2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda Gyrgyz Respublikasynyň Ykdysadyýet we söwda ministri Daniýar Amangeldiýew Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nury Gölliýew bilen duşuşdy. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Ykdysadyýet we söwda ministrliginiň resmi web sahypasynda habar…

Eýranda Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklary boldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklary boldy. Olarda ýangyç-energetika, elektroenergetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda, gümrük edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyklarda…