Стандартное изображение

Serdar Orazdurdyyev

«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy

Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edilip, Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň resmi web sahypasynda we  «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen…

Türkmen halkynyň Milli Lideri  «Arçman» şypahanasynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenilýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Häzirki…

Türkmenistanyň Prezidenti Estoniýa Respublikasynyň Prezidentini iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti Alar Karise hem-de ýurduň halkyna iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwletlerimiziň arasyndaky…

Unaş – derdiňe derman tagam

Unaş tagamynyň biziň milli saçagymyzda aýratyn orny bardyr. Sebäbi bu tagam özüniň bedende ýeňil özleşýändigi, taýýarlamasynyň ýönekeýdigi, galyberse-de, ony uly-kiçiniň halap iýýändigi üçin biziň hemmämiziň öýümizde häli-şindi taýýarlanylýar. Halkymyzda unaşyň jazly unaş, jazsyz unaş, noýbaly unaş ýaly dürli görnüşleri taýýarlanylýar.…

Şenbe güni Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 16 509 420,05 manada we 812 250,00 ABŞ dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy

Düýn – 2024-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 16 509 420,05 manada we 812 250,00 ABŞ dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň haryt-çig mal biržasynyň resmi web saýtynda habar berildi. Şenbe güni Türkmenistanyň birža söwdalarynda…

Türkmenistanyp wekiliýetiniň Täjigistan Respublikasyna saparynyň çäklerinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda duşuşyk geçirildi

Düýn – 2024-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Täjigistan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Täjigistanyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web saýtynda habar berildi. Duşuşykda…

Forbes žurnaly bütindünýä boýunça milliarderleriň iň köp ýaşaýan 10 şäherini yglan etdi

ABŞ-nyň işewür dünýäsi we maliýe neşiri bolan Forbes žurnaly bütindünýä boýunça milliarderleriň iň köp ýaşaýan 10 şäherini yglan etdi. Maglumatlara görä, bu 10 şäherde dünýädäki ähli milliarderleriň dörtden bir bölegi ýaşaýar.   Forbes žurnalynyň maglumatlaryna görä,  bütindünýä boýunça milliarderleriň iň…