Стандартное изображение

Serdar Orazdurdyyev

Şu gün Aşgabatda «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady

2024-nji ýylyň 19-njy awgustynda paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän «Garagum» myhmanhanasynyň arkasynda döredilen sergi meýdançasynda «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň resmi web sahypasynda habar berildi. Çagalar harytlaryna we hyzmatlaryna bagyşlanyp, ýurdumyzda…

TDHÇMB-niň geçen hepdedäki geleşikleriniň jemi bahasy 60 million 939 müň 700 amerikan dollaryndan gowrak boldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki geleşikleriniň jemi bahasy 60 million 939 müň 700 amerikan dollaryndan gowrak boldy. Bu barada «Biznes Reklama» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 19-njy awgustyndaky №34 (1341) belgili sanynyň 2-nji sahypasynda çap edilen «Türkmenistanyň…

Türkmenistan bilen Türkiýe ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly M.Öwezow Stambul şäherinde Türkiýäniň Halkara ýük ulaglary assosiasiýasynyň (UND) ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Bu barada  «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde rus dilinde habar berilýär. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Ulag we logistika merkeziniň wekilleri gatnaşdylar. Taraplar ulag-logistikany ösdürmek…

Türkmen halkynyň Milli Lideri «Arçman» şypahanasynyň çäginde agtyjaklary hem-de çowlugy bilen gezelenç etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri  gür baglyga bürenen, ekologik taýdan amatly howa gurşawy bolan «Arçman» şypahanasynyň çäginde agtyjaklary hem-de çowlugy bilen gezelenç etdi. Gahryman Arkadagymyz olaryň bilimi, daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesi bilen gyzyklandy. Munuň özi peder-perzent mekdebiniň asylly ýörelgeleriniň…

Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň eserler ýygyndysyndan ybarat täze kitapdan goşgulary okady

Çeper döredijilige, şol sanda türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä nusgalyk eserlerine aýratyn sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň eserler ýygyndysyndan ybarat täze kitapdan goşgulary okady. Dana Pyragynyň akyl-paýhasa ýugrulan döredijiliginiň her bir adamda ruhubelentlik döredýändigini belläp, alym Arkadagymyz…

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine we şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen gyzyklandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda «Arçman» şypahanasyna baryp, bu ýerde dynç alyşda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat…

Türkmenistanyň Prezidenti «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylara Gutlag hatyny iberdi

«Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylara Hormatly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak mermerli Aşgabatda ilkinji gezek geçirilýän «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin»…

Eýran rus gazyny öz çäginden üstaşyr geçirmäge gyzyklanma bildirýär

Eýran Yslam Respublikasy Russiýa Federasiýasy bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyga we rus gazyny öz çäginden üstaşyr geçirmäge gyzyklanma bildirýär. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kazem Jaloli Astrahanda geçirilen Hazar forumynda žurnalistlere beren beýatynda mälim…