Türkmenistanyň Prezidentiniň nobatdaky zähmet rugsady başlandy
Düýn — 1-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hökümet agzalary bilen nobatdaky zähmet rugsadyna çykdy. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Hökümet agzalaryna 1-nji awgustdan dynç almaga rugsat berilýändigini, hemişe bolşy…
ABŞ-da doly robotlaşdyrylan ilkinji diş operasiýasy geçirildi.
ABŞ-da dünýäde ilkinji gezek adamda robotlaşdyrylan diş operasiýasy emeli aňly robot tarapyndan geçirildi. ABŞ-niň diş tehnologiýalaryna ýöriteleşdirilen «Perceptive» kompaniýasynyň habaryna görä, operasiýa emeli aňa esaslanýan programma üpjünçiligi bilen enjamlaşdyrylan robot tarapyndan geçirildi. Kompaniýa bu ulgamy diş amallarynyň tizligini…
ABŞ-niň Federal ätiýaçlyk ulgamy esasy nyrh derejesini ýyllyk 5,25 – 5,5 göterim möçberinde saklady.
ABŞ-niň Federal ätiýaçlyk ulgamy (Fed) esasy nyrh derejesini ýyllyk 5,25 – 5,5 göterim möçberinde saklady. Bu barada Federal Açyk Bazar Komitetiniň («FOMC») mejlisiniň netijeleri baradaky maglumatlarda aýdylýar. Karar «FOMC» agzalary tarapyndan biragyzdan kabul edildi we analitikleriň we ykdysatçylaryň köpüsiniň…
Polşa Ukraina elektrik toguny satmagy meýilleşdirýär
Polşa kömür ýakylmagy netijesinde emele gelen elektrik toguny Ukraina satmaga taýýardyr. Bu barada Polşanyň parlamentiniň aşaky palatasynyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Pawel Kowal «Radio Zet» radiostansiýasynyň efirinde aýtdy. Syýasatçy Polşanyň Kiýewe elektrik toguny satmaga taýýardygyny, ýöne arzan bahadan satmajakdygyny…
Russiýa benziniň eksportyna girizilen gadaganlygy ýene iki aý uzaltdy
Russiýanyň hökümeti diňe bir awgust aýy üçin, eýsem 2024-nji ýylyň sentýabr we oktýabr aýlary üçin hem daşary ýurtlara benzin eksport etmegi gadagan etdi. Bu barada ýurduň Energetika ministriniň orunbasary Pawel Sorokin Russiýanyň Döwlet Dumasynda eden çykyşynda aýtdy. Onuň sözlerine…
«Nvidia» kompaniýasy bazar maýa goýumyna bir günde 330 milliard dollar goşup, öňki rekordy täzeledi.
Düýbi Kaliforniýada ýerleşýän çip öndüriji «Nvidia» kompaniýasy bir günde bazar maýa goýumyna 330 milliard dollar goşup, öňki rekordy täzeledi. Şeýliklik bilen bu kompaniýanyň «Wall Street» taryhyndaky bazar maýa goýumynda günlük iň uly ösüşi hasaba alyndy. «Nvidia» kompaniýasynyňKompaniýa çarşenbe güni…
Gazagystanda daşary ýurtlardan bugdaý satyn almak gadagan edildi
Gazagystanyň Oba hojalygy ministrligi 2024-nji ýylyň soňky 5 aýyň dowamynda daşary ýurtlardan Gazagystanyň çägine bugdaýyň satyn alnyp getirilmegini gadagan etmek baradaky kararyň taslamasyny hödürledi. Bu barada «aniq.uz» web saýtynda habar berildi. Resminamada: «Bugdaýly ýük awtoulaglaryny, Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň bir…
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Wiola Amherde ýurduň milli baýramy — Konfederasiýa güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Wiola Amherde tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Şweýsariýa…
Türkmen-türk hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň geljekki mümkinçilikleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň ýolbaşçylygynda Türkmenistana gelen wekiliýet meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň Energetika ministrliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Olarda ýangyç-energetika, elektroenergetika ýaly pudaklarda iki doganlyk ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň geljekki…
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministrini kabul etdi.
Düýn – 2024-nji ýylyň 31-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy türkmen topragynda mübärekläp, şu gezekki saparyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geçiriljek duşuşyklardyr geňeşmeleriň netijeli…
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Düýn – 2024-nji ýylyň 31-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rudy kabul etdi. Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň…