Стандартное изображение

Serdar Orazdurdyyev

Koreýa maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň eksportyny artdyrýar

Koreýa Respublikasy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna degişli harytlaryň we hyzmatlaryň eksportyny artdyrýar. Bu barada «Biznes reklama» gazeti habar berýär.          Koreýa Respublikasy 2024-nji ýylyň iýun aýynda umumy bahasy 21,05 milliard amerikan dollaryna barabar maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary bilen baglanyşykly harytlary we hyzmatlary eksport etdi.…

XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji altyn medalyny hytaýly türgenler gazandy

Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde geçirilýän XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji altyn medalyny hytaýly türgenler Huan Ýuýtin bilen Şen Lihao gazandy. Bu barada «russian.news.cn» web neşiri habar berdi.          «russian.news.cn» web neşiriniň maglumatlaryna görä,  XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ilkinji altyn medal…

Ýeldos Smetow – Gazagystanyň taryhynda dzýudo sporty boýunça ýeňiş gazanan ilkinji türgen

Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde geçirilýän   XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Gazagystanyň türgeni Ýeldos Smetow dzýudoda erkekleriň arasynda 60 kilogram agramda çykyş edip, altyn medalyň eýesi boldy. Bu altyn medal Gazagystan Respublikasynyň taryhyndaky dzýudo sporty boýunça gazanylan ilkinji altyn medal boldy. Bu…

«UzAuto Motors» kompaniýasy iň soňky «Chevrolet Lacetti» awtoulagyny öndürildi

«UzAuto Motors» kompaniýasy iň soňky «Chevrolet Lacetti» awtoulagyny öndürilendigini we şu güne çenli jemi 487,104 «Chevrolet Lacetti» awtoulagynyň öndürilendigini habar berdi. Bu barada «UzAuto Motors» kompaniýasynyň täzeliklerine salgylanyp «aniq.uz» web saýty  habar berdi.          «UzAuto Motors» kompaniýasy 2008-nji ýylda esaslandyryldy.…

Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň çip tehnologiýasyna maýa goýjakdygyny aýtdy

Türkiýe çip tehnologiýasy pudagynda mümkinçiliklerini artdyrýar. Bu barada «report.az» web saýty habar berdi.          Türkiýäniň Prezidenti RejepTaýyp Ärdogan Türkiýäniň çip tehnologiýasyna maýa goýjakdygyny aýtdy we «Bu häzirki döwrüň esasy talabydyr» — diýip belledi.

Türkmenistanyň ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary Aýşe Berris Ekinçi bilen söhbetdeşlik geçirdi

Düýn – 2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Aýşe Berris Ekinçi bilen söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.…

Türkmen türgenleri XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

Türkmen türgenleri 2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirilen XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 27-nji iýulyndaky sanynda habar berildi.          Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda açylyş dabarasy ilkinji gezek…

Raşid Meredow Eýranyň täze saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkianyň resmi wezipä girişmek dabarasyna gatnaşar

2024-nji ýylyň 30-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri, wise-premýer, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran toparynyň türkmen tarapynyň başlygy Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkianyň resmi wezipä girişmek dabarasyna gatnaşar. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki – 2024-nji…

Türkmenistanda gurluşykda nyrh emele getirmegiň döwlet maglumat ulgamy döredilýär

Türkmenistanda gurluşykda nyrh emele getirmegiň döwlet maglumat ulgamy döredilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 27-nji iýulyndaky sanynda habar berildi.                          Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly 2024-nji ýylyň 26-nji iýulynda geçirilen nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň…