Стандартное изображение

Serdar Orazdurdyyev

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda 22-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda 22-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Bu barada «Ata Watan Türkmenistan» halkara žurnalynyň web sahypasynda habar berildi. Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda 22-nji tapgyryň duşuşyklarynda «Merw» «Aşgabady», «Arkadag» topary «Ahaly», «Altyn Asyr» «Nebitçini», «Şagadam» bolsa «Köpetdagy» kabul…

«Daewoo E&C» kompaniýasy türkmen bazarynda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny öwrenmäge taýýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Koreýa Respublikasynda gulluk iş saparynda bolup, bu ýurtda geçirilýän «World Smart City Expo» atly Bütindünýä sergisi gatnaşdy we birnäçe gepleşikler geçirdi. Türkmen wekiliýeti saparyň çäklerinde…

Penşenbe güni Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 175 000 ABŞ dollaryna deň bolan 1 geleşik baglaşyldy

Düýn – 2024-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň birža söwdalarynda  jemi 175 000 ABŞ dollaryna deň bolan 1 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda habar berildi. Penşenbe güni  Türkmenistanyň birža söwdalarynda daşarky bazarda Gazagystan döwletiniň…

Ýol hereketiniň howpsuzlygy –  ömrümiziň rahatlygy

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy türkmen milli metbugatynda ýol hereketini berjaý etmegiň düzgünlerini beýan etdi. Beýanda bellenilişi ýaly, awtoulaglaryň sanynyň barha köpelmegi ýollarda dürli kysymly ulaglaryň hereketiniň ýyl-ýyldan ýygjamlaşmagyna getirýär. Şol sebäpli hereketi sazlaşykly guramak, onuň howpsuzlygyny…

Güýz paslynyň sagdyn durmuş ýörelgeleri

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi türkmen milli metbugatynda Güýz paslynyň 12 sany sagdyn durmuş ýörelgelerini çap etdi. Olar şu aşakdakylardyr: 1. Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli, arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda içmeli; 2. Bedenterbiýe we…

«AMC Overseas» kompaniýasy tükmen bazarynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine uly gyzyklanma bildirdi

«AMC Overseas» kompaniýasy Türkmenistan bilen söwda, maýa goýumlary we oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine uly gyzyklanma bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçihanasynyň resmi web sahypasynda habar berildi. Ýaňy-ýakynda Birleşen Arap Emirliklerindäki Türkmenistanyň Ilçisi Serdarmämmet Garajaýew bilen «AMC…

Hytaý ýakynda 3 ýylyň dowamynda Afrikanyň döwletlerine 50 milliard dollardan gowrak möçberinde maliýe kömegini gönükdirer

Hytaýyň hökümeti ýakynda 3 ýylyň dowamynda Afrikanyň döwletlerine bilelikdäki hyzmatdaşlyk taslamalaryna 360 milliard ýuan ýagny 50 milliard dollardan gowrak möçberinde maliýe kömegini gönükdirer. Bu barada Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň Hytaý-Afrika hyzmatdaşlygy forumynda eden çykyşynda belläp geçendigi «Ata Watan Türkmenistan» halkara žurnalynyň…

Çarşenbe güni Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 1 714 500 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy

Düýn – 2024-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 1 714 500 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda habar berildi. Çarşenbe güni Türkmenistanyň birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan…

Türkmenistanly ýetginjek kikboksçular Wengriýanyň Budapeşt şäherinde geçirilen çempionatda bäş medala mynasyp boldular

Türkmenistanly ýetginjek kikboksçular Wengriýanyň Budapeşt şäherinde geçirilen çempionatda bir altyn, bir kümüş we üç sany bürünç medala mynasyp boldular. Dünýä çempionaty 70-e golaý döwletden 3100-den gowrak türgeni özünde jemledi. Ýurdumyzyň ýetginjekler ýygyndysyna bolsa 17 türgen wekilçilik etdi. Şolardan bäş türgenimiz…

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

Düýn — 2024-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.…