Стандартное изображение

Serdar Orazdurdyyev

Saud Arabystanynda birnäçe iri nebit we gaz ýatagy tapyldy

2024-nji ýylyň 1-nji iýulynda Saud Arabystanynyň ýolbaşçylary ýurduň gündogarynda 7 sany uly nebit we gaz ýatagynyň tapylandygyny habar berdiler. Bu barada «Al Arabiya» neşiri, Saud Arabystanynyň Energetika ministrliginiň beýanyna salgylanyp, habar berdi.          Saud Arabystanynyň Gündogar welaýatynda «Boş kwartal»  diýlip…

«KAMAZ» kompaniýasy yzyna gaýtarylan 23 müňden gowrak ýük awtoulagyny möhüm howpsuzlyk enjamy bilen mugt üpjün eder

«KAMAZ» kompaniýasy yzyna gaýtarylan 23 müňden gowrak ýük awtoulagyny möhüm howpsuzlyk enjamy bilen mugt üpjün eder. Bu barada «chelny-izvest.ru» web saýty habar berdi.             «chelny-izvest.ru» web saýtynyň Russiýanyň Tehniki kadalaşdyrmak we metrologiýa boýunça federal agentliginiň maglumatlaryna salgylanyp habar bermegine görä,…

BMG 2030-njy ýyla çenli ýeralma önümçiliginiň bütindünýäde ýokarlanjakdygyna ynam bildirdi

Birleşen Milletler Guramasy 2030-njy ýyla çenli dünýäde ýeralma önümçiliginiň 112 göterim ýokarlanyp, 750 million tonna ýetjekdigine ynam bildirdi. Bu barada «east-fruit.com» portaly habar berdi.          Ýeralma oba we şäher jemgyýetlerine elýeterli hem-de ýokumly iýmit hökmünde strategiki ähmiýete eýe oba hojalyk…

«Skytrax» guramasy  dünýäniň iň arassa howa menzilleriniň sanawyny düzdi

«Skytrax» guramasy  dünýäniň iň arassa howa menzilleriniň sanawyny düzdi. Sanawyň ilkinji onlugyndan orun alan howa menzilleriniň 9 sanysy Aziýa yklymynyň ýurtlarynda ýerleşýär. Sanawda 1-nji orna Ýaponiýanyň paýtagtynda ýerleşýän «Honeda» howa menzili mynasyp görüldi. Şeýle-de Ýaponiýanyň ýene 3 sany howa menzili…

Gazagystan nebit önümçiligini ýokarlandyrmak boýunça taslamalaryň üstünde işleýär

Gazagystan nebit önümleriniň önümçiligini ýokarlandyrmak boýunça taslamalaryň üstünde işleýär. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi içerki bazaryň zerurlyklaryny doly üpjün etmäge hem-de nebit önümlerini goňşy ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berer.          Gazagystanyň Energetika ministrliginiň berýän maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň 4 aýynda ýurtda…

Özbegistan bilen Russiýa özara söwda dolanyşygyny 30 milliard dollara  çenli artdyrmagy maksat edinýär

Özbegistan bilen Russiýa özara söwda dolanyşygyny 30 milliard dollara  çenli artdyrmagy maksat edinýär. Bu barada «Kun.uz» web saýty habar berdi.           Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Özbegistana amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky özara söwda dolanyşygyny artdyrmak babatda…

Koreýa – Hytaý – Gazagystan – Özbegistan ugry boýunça synag otlusy işe girizildi

Lianyungan portundaky Gazagystan-Hytaý logistika terminalynda Koreýa-Hytaý-Gazagystan-Özbegistan ugurlarynda synag otlyny işe girizmegiň resmi dabarasy geçirildi. «Kazinform» agentligi bu barada «Gazagystan temír ýoly» paýdarlar jemgyýetiniň metbugat gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berdi.          «Kazinform» agentliginiň habar bermegine görä, halkara söwda hyzmatdaşlygy üçin möhüm…

IPhone 16-a garaşmak gereklimi?

iPhone 16 tehnologiýa dünýäsinde iň köp garaşylýan telefonlaryň biri hökmünde şu ýylyň ahyryna çykar diýlip garaşylýar. Şeýle bolsa-da, iPhone 15 seriýasy çykandan kän wagt geçmänkä, köp tehnologiýa haýranlarda we potensial ulanyjylarda iPhone 16-a garaşmagyň hakykatdanam gereklimi ýa-da gerekli dälmi diýen…

Oýunçylaryň halaýan operasiýa sistemasy yglan edildi!

Steam, yzygiderli enjam we programma üpjünçiliginiň gözlegleriniň netijelerini paýlaşdy. Netijeler fewral aýyny öz içine alýar we oýunçylaryň haýsy operasiýa sistemalary we grafiki kartalary ulanýandygy barada  jikme-jik maglumat berýär. Şeýlelik bilen, häzirki wagtda Steam-da iň meşhur Windows wersiýalary haýsylary? Ine iň…