«Awaza» söwda merkezi deňizde dynç almaga gelýänler üçin onlaýn söwda hyzmatlaryny hödürleýär

«Awaza» söwda merkezi deňizde dynç almaga gelýänler üçin onlaýn söwda hyzmatlaryny hödürleýär. Munuň üçin müşderiler awazasowdamerkezi.com.tm websaýtyndan onlaýn sargyt edip, özlerine zerur bolan islendik önümi gysga wagtyň içinde getirdip bilýärler. Söwda merkezi bilen hasaplaşyk harytlar müşderä gowşurylandan soňra, nagt ýa-da bank kartlarynyň üsti bilen amala aşyrylýar.

Söwda merkeziniň saýtyndaky iýmit önümleri bölüminde dürli görnüşli gazly we gazsyz alkogolsyz içgiler, balyk we deňiz önümleri, doňdurmalar, gök bakja önümleri, gury iýmişler, şöhlat we beýleki azyk önümleri ýerleşdirilendir. Müşderilere taýýar ertirlikleriň bardygy hem bellärliklidir. Şeýle-de saýtyň şahsy gözellik we ideg, arassaçylyk, hojalyk bölümlerinde gündelik zerur bolan harytlar bar.

Siz hem «Awazada» dynç alýan pursatlaryňyz, «Awaza» söwda merkeziniň ýokary hilli, amatly, dessin eltip bermek hyzmatlaryndan peýdalanyň!

Ответить