Azerbaýjanda güýçli ýer titremesine gözegçilik edýän ilkinji beket işe girizildi

Türkiýäniň Adatdan daşary ýagdaýy dolandyryş gullugynyň (AFAD) goldawy bilen gurlan güýçli ýer titremesine gözegçilik edýän ilkinji beket (stansiýa) Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde işe girizildi. Bu barada «Anadolu» habarlar agentligi habar berdi.

         AFAD gullugynyň sosial mediýa sahypasynda çap eden beýanatynda Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasy bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilen taslamanyň dünýäde bolup geçýän ýer titremelerine gözegçilik etmäge mümkinçilik berjekdigini belledi.

         100 metr çuňlukda we polat turbalar bilen goralýan bu toplumda ýeriň hereket tizligini we tizlenmesini ýazýan, hatda ýerüsti ses bolmazdan ýokary takyklyk bilen mikro titremeleri ýazga alýan 2 sany ýokary duýgur seýsmometr bar.

Ответить