Aziýanyň Ösüş banky Täjigistan Respublikasynyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegi üçin 30 million dollar karz berýär

Aziýanyň Ösüş banky Täjigistana 30 million dollar möçberinde karz berdi. Bu pul serişdeleri Täjigistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak babatdaky  hyzmatlaryň derejesini ýokarlandyrmak üçin sarp ediler. Bu taslama Aýni, Darwaza we Dangara etraplarynda amala aşyrylyp, häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk desgalary gurlar. Bu barada  Aziýanyň Ösüş bankynyň metbugat gullugy habar berdi.

Darwazada 100 orunlyk merkezi sebit hassahanasy gurlar. Aýnide 40 orunlyk, Dangarada bolsa 80 orunlyk çaga dogrulýan öýler gurlar. Lukmançylyk edaralary bu sebitleriň howa şertlerine uýgunlaşdyrylan energiýa tygşytlaýan tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylar.

Aziýanyň Ösüş bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça baş müdiri Ýewgeniý Jukow Täjigistanyň soňky 20 ýylda saglygy goraýyş pudagyny ösdürmegi başarandygyny, bu ýurduň ýaşaýjylarynyň ortaça ömrüniň ep-esli ýokarlanandygyny we eneleriň ölüm derejesiniň azalandygyny aýtdy.  Şeýle-de bolsa, Jukowyň belleýşi ýaly, ýurtda henizem bu ugurda amala aşyrylmaly işler bar, şonuň üçin hem Aziýanyň Ösüş banky ýakyndan goldaw berýär.

Ответить