BAE Owganystanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

BAE Owganystanyň ilçisiniň ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada BAE-niň Daşary işler ministrliginiň täzeliklerine salgylanyp, «aniq.uz» habar berdi.

Ministrligiň habaryna görä Owganystandaky ilçi Mawlawi Badriddin Hakkani Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministriniň orunbasary Seýf Abdullah al-Şamsä ynanç hatyny gowşurdy.

Badriddin Hakkani Owganystan bilen BAE-niň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhdan gözbaş alyp gaýtýandygyny aýtdy hem-de ýurduň üznüksiz hyzmatdaşlygy we kömegi üçin minnetdarlyk bildirdi.

BAE-nyň Daşary işler ministriniň orunbasary Saif Abdullah Al Şamsi hem BAE bilen Owganystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň örän möhümdigine hem-de iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has-da gowulaşjakdygyna we berkidiljekdigine ynam bildirdi. Ýöne, heniz BAE Owganystanyň Taliban hökümetini ykrar edýändigini resmi taýdan yglan etmedi.

Ответить