«Bank of China» Moskwa biržasy bilen işlemegini bes etdi

Hytaýyň iň iri döwlet banklaryndan biri bolan «Bank of China» Moskwa biržasy bilen işlemegini bes etdi. Bu barada şu gün «Коммерсант» habar berdi.

         «Bank of China» banky söwda amallarynda hytaý walýutasy boýunça hasaplaşyk geçirmek bilen öz bankynyň wezipelerini ýerine ýetirdi we biržadaky  ähli amallar ýuan töleg serişdesiniň üsti bilen amala aşyryldy. Şeýle-de bolsa, 15-nji iýulda Hytaýyň «Bank of China»  banky bu wezipesinden  ýüz öwürdi.

         Netijede, ýuan bilen söwda amallaryny ýerine ýetirmek Russiýanyň walýuta bazaryndaky ýeke-täk Hytaý bankyna –  «ICBC Bank» edarasyna bagly boldy.

Ответить