«Barselona» geçen möwsümde 481 mln ýewro möçberinde zyýan çekdi

“Barselona” 2020/21-möwsüminiň jemi boýunça maliýe hasabatyny neşir etdi. Toparyň resmi saýtyndaky maglumatlara görä, klub 481 mln ýewro möçberinde zyýan çekdi. Klubuň operasion girdejisi 631 mln ýewro boldy, bu býujete goýlan 828 milliona garanda azdyr. Pese gaçyş 224 mln ýewro (26%) boldy. Bu barada sport-express.ru habar berýär.

Çykdajylar 955 mln ýewrodan 1,13 mlrd ýewro çenli artdy. Klubuň operasion ýitgisi 505 mln ýewro, salgytlardan soň arassa ýitgi 481 mln ýewro boldy. Klubuň 2021-nji ýylyň iýun aýynda karzy 680 mln ýewro ýetdi.

Klub 2021/22-möwsüminde girdejileriň 765 mln ýewro çenli ýokarlanmagyna, çykdajylaryň bolsa 784 mln ýewro çenli azalmagyna garaşýar. “Barselonanyň” ýolbaşçylygy klubuň indiki möwsümi 5 mln ýewro girdeji bilen tamamlap biljekdigine umyt bildirýär. 

Ответить