Baýden ABŞ-niň Prezident saýlawyna dalaşgärlikden çekildi

ABŞ-niň Prezidenti Jozef Baýden düýn – 2024-nji ýylyň 21-nji iýulynda Prezident saýlawyna dalaşgärlikden çekilýändigini habar berdi. Bu barada Özbegistanyň Milli habarlar agentliginiň «uza.uz» web saýty habar berdi.

         Jozef Baýden öz halkyna ýüzlenmesinde: «ABŞ-niň Prezidentiň wezipesini ýerine ýetirmek meniň durmuşymyň iň uly abraýydy. Bu wezipe üçin gaýtadan saýlawa gatnaşmak islesem-de, partiýamyň towakganamasyny kanagatlandyrmaklyk üçin dalaşgärlikden çekilmegi we  Prezidentlik möhletimiň ahyryna çenli öz wezipelerimi partiýamyň we ýurduň bähbidine ýerine ýetirmegi makul bildim» – diýlip belledi.    Baýdeniň respublikan partiýanyň dalaşgäri Donald Tramp bilen geçirilen soňky   bäsdeşligi şowsuz gutaransoň, Demokratik partiýanyň wekilleri ony saýlawa dalaşgärlikden  çekilmäge çagyryp başladylar.

         81 ýaşly Baýden ABŞ-niň Prezident saýlawyna dalaşgärlikden çekilse-de,  Wise-prezident Kamala Harrisiň  ABŞ-niň Prezident saýlawyna dalaşgär bolmagyny goldaýandygyny aýtdy we demokratlary Trampy ýeňmäge çagyrdy.

Ответить