«Beaverlab»kompaniýasy emeli aň bilen üpjün edilen «Finder TW2» astrokamerasyny  satuwa çykardy

«Beaverlab»kompaniýasy emeli aň bilen üpjün edilen «Finder TW2» astrokamerasyny  satuwa çykardy. Bu barada «Rysgal» gazetiniň 2024-nji ýylyň 2-nji sentýabryndaky №36 (730) belgili sanynynyň 5-nji sahypasynda çap edilen «Ykjam programmaly astrokamera» atly makalada habar berildi.

Satuwa çykarylan astrokamera  dünýäde emeli aň bilen üpjün edilen ilkinji astrokameradyr. Bu tehnologiýanyň — astrokameranyň fokus derejesi 500 mm bolan obýektiw hem-de 29x optiki ulaltmasyny şertlendirýän F6.1 enjamy bilen üpjün edilmegi teleskobyň mümkinçilikleriniň möhüm bölegidir. «Finder TW2» astrokamerasy 48MP ölçegde surata düşürmäge hem-de 4K nusgada wideo almaga ukyplydyr. Şunlukda, emeli aň tehnologiýasy reňkleri sazlamak we durulygy kämilleşdirmek arkaly şekiliň hilini awtomatik ýagdaýda ýokarlandyrar.

Dolandyrmak we astronomiki maglumatlary almak üçin 5 dýuýmlyk duýgur ekran, uzakdan dolandyryjy we «Beaver Point» ykjam programmasy onuň mümkinçilikleriniň üstüni ýetirýär.

Ответить