Belarussiýa Hytaý bilen 3 milliard dollarlyk 15 sany täze maýa goýum taslamasynyň üstünde işleýär

Belarussiýa Hytaý bilen 3 milliard dollarlyk 15 sany täze strategik maýa goýum taslamasynyň üstünde işleýär. Bu barada «BELTA» Aleksandr Lukaşenko bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň premýer-ministri Li Sýanyň arasyndaky duşuşykdan soň habar berdi.

Maglumatlara görä, Aleksandr Lukaşenko «Hytaý hyzmatdaşlary bilen umumy bahasy 3 milliard dollara çenli 15 sany täze strategiki maýa goýum taslamasynyň üstünde işleýäris» — diýip belledi.

Onuň sözlerine görä, bu taslamalaryň iň möhümleri: Belarussiýanyň milli biotehnologiýa korporasiýasynyň gallay gaýtadan işlemek taslamasynyň 3-nji tapgyry, agardylan kraft pulpa we DSP öndürmek üçin zawodlar gurmak, häzirki zaman awtomatlaşdyrylan guýma işlerini guramak we şm.

Ответить