Bernd Haýnsy Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da tä­ze bel­le­ni­len Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si

Düýn – 24-nji iýulda hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da tä­ze bel­le­ni­len Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Bernd Haýn­sy ka­bul et­di. Bu barada Türkmenistan gazetiniň şu günki – 25-nji iýulyndaky sanynda habar berildi.

Du­şuş­ma­ga wagt ta­pyp ka­bul eden­di­gi hem-de döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki ýag­da­ýy­ny we gel­je­gi­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, dip­lo­mat döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ynanç ha­ty­ny gow­şur­dy.

Onuň Aly­hez­re­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti je­nap Ser­dar BERDIMUHAMEDOWA

Je­nap Pre­zi­dent!

Men je­nap Bernd Haýn­sy Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si we­zi­pe­si­ne bel­le­mek ka­ra­ry­na gel­dim. Onuň şah­sy hä­si­ýet­le­ri hem-de ukyp-ba­şar­nyk­la­ry öz üs­tü­ne ýük­le­nen we­zi­pä­ni my­na­syp de­re­je­de ýe­ri­ne ýe­tir­jek­di­gi­ne ynam dö­red­ýär. Si­ziň Aly­hez­re­ti­ňiz­den ony hoş­ni­ýet­li ka­bul et­me­gi­ňi­zi we me­niň adym­dan, Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň adyn­dan äh­li be­ýan et­jek­le­ri­ne do­ly ynan­ma­gy­ňy­zy ha­ýyş ed­ýä­rin.

Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, Si­ze üs­tün­lik­le­ri, Türk­me­nis­ta­na bol­sa gül­läp ösüş, aba­dan­çy­lyk ar­zuw ed­ýä­rin.

Frank-Wal­ter ŞTAÝN­MA­ÝER,

Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti.

Şeýle hem, diplomat GFR-iň Pre­zi­den­ti Frank-Wal­ter Ştaýn­ma­ýe­riň, Fe­de­ral Kans­le­ri Olaf Şol­suň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­ne mä­hir­li sa­la­my­ny we äh­li türk­me­nis­tan­ly­la­ra bag­ty­ýar­lyk, aba­dan­çy­lyk ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di.

         Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz il­çi­ni myh­man­sö­ýer türk­men top­ra­gyn­da mä­hir­li mü­bä­rek­läp, dost­luk­ly ýur­duň ýol­baş­çy­la­ry­na sa­la­my­ny, iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan edip, je­nap Bernd Haýn­sy jo­gap­kär­li we­zi­pä bel­le­nil­me­gi bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy hem-de ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek bi­len bag­ly ýo­ka­ry dip­lo­ma­tik we­zi­pe­sin­de oňa uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

         Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy Türk­me­nis­ta­nyň Ýew­ro­pa se­bi­tin­dä­ki mö­hüm hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri­dir. Hä­zir­ki wagt­da iki döw­let äh­li ugur­lar­da, hu­su­san-da, sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň oňyn hä­si­ýe­ti­ni aý­ra­tyn bel­läp, Türk­me­nis­ta­nyň we Ger­ma­ni­ýa­nyň di­ňe bir iki­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de däl, köp­ta­rap­la­ýyn esas­da hem üs­tün­lik­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­ýän­dik­le­ri­ne ka­na­gat­lan­ma bil­dir­di. Ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, hu­su­san-da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň, onuň dü­züm­le­ri­niň çäk­le­rin­de bi­rek-bi­re­ge be­ril­ýän öza­ra gol­daw mu­ňa aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Bu gol­daw, oza­ly bi­len, dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, aba­dan­çy­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­lip öňe sü­rül­ýän hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ra de­giş­li­dir. Soň­ky ýyl­lar­da hyz­mat­daş­lyk “Mer­ke­zi Azi­ýa — Ger­ma­ni­ýa” dia­lo­gy­nyň çäk­le­rin­de-de üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýär. Şeý­le gör­nüş­de ge­çi­ril­ýän gep­le­şik­ler öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän me­se­le­ler bo­ýun­ça ne­ti­je­li pi­kir alyş­ma­ga ýar­dam ber­ýär.

Söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ýe­ne bi­ri­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, se­na­gat, oba ho­ja­ly­gy, bank, ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­gam­la­ry gel­je­gi uly ugur­la­ryň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ger­man yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň Gün­do­gar ko­mi­te­ti­niň çäk­le­rin­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ne ün­si çe­kip, GFR-iň kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösü­şi­ne goş­ýan go­şan­dy­ny aý­ra­tyn nyg­ta­dy. Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan türk­men-ger­man gat­na­şyk­la­ry­ny ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň my­sa­ly hök­mün­de gör­ke­zip bo­lar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, onuň çäk­le­rin­de dost­luk­ly ýur­duň hü­när­men­le­ri bi­len tej­ri­be alyş­mak, türk­men luk­man­la­ry­nyň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, ola­ryň Ýew­ro­pa­nyň ösen luk­man­çy­lyk tej­ri­be­si­ni öw­ren­mek­le­ri üçin bir­nä­çe alyş-ça­lyş mak­sat­na­ma­la­ry he­re­ket ed­ýär.

Oňyn ýag­daý­da ge­çen söh­bet­deş­li­giň bar­şyn­da me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek­de, halk­la­ry ýa­kyn­laş­dyr­mak­da we me­de­ni­ýet­le­ri öza­ra baý­laş­dyr­mak­da mö­hüm orun eýe­le­ýän­di­gi, şun­da iki dost­luk­ly hal­kyň bäh­bi­di­ne öza­ra Me­de­ni­ýet gün­le­ri­ni ge­çir­me­giň, mu­zeý işi ba­bat­da tej­ri­be alyş­ma­gyň, bi­lim ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gy has-da iler­let­me­giň ze­rur­dy­gy bel­le­nil­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Bernd Haýn­sy Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­sy­nyň ýol­baş­çy­sy we­zi­pe­sin­de işe baş­la­ma­gy bi­len ýe­ne-de bir ge­zek gut­lap, ýo­la goý­lan ne­ti­je­li döw­le­ta­ra dia­lo­gyň mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len işin­de oňa hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny be­ýan et­di.

Hoş­ni­ýet­li söz­ler üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, dip­lo­mat däp bo­lan dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek üçin äh­li ta­gal­la­la­ry et­jek­di­gi­ne, iki ýur­duň we ola­ryň halk­la­ry­nyň bäh­bi­di­ne la­ýyk gel­ýän türk­men-ger­man hyz­mat­daş­ly­gy­ny iş­jeň­leş­dir­mä­ge ta­rap saý­la­nyp al­nan ug­ry do­wam et­dir­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy.

Ответить