BMG 2030-njy ýyla çenli ýeralma önümçiliginiň bütindünýäde ýokarlanjakdygyna ynam bildirdi

Birleşen Milletler Guramasy 2030-njy ýyla çenli dünýäde ýeralma önümçiliginiň 112 göterim ýokarlanyp, 750 million tonna ýetjekdigine ynam bildirdi. Bu barada «east-fruit.com» portaly habar berdi.

         Ýeralma oba we şäher jemgyýetlerine elýeterli hem-de ýokumly iýmit hökmünde strategiki ähmiýete eýe oba hojalyk ekinidir. Ony ösdürip ýetişdirmekde atmosfera zyňylýan parnik gazlarynyň mukdary örän az bolýar, şonuň üçin hem ol ekologiýa taýdan juda peýdaly ekin hasaplanýar. Bu oba hojalyk ekiniň ýokumlylygy, daşky gurşawa peýdasy we medeni gymmaty barada habardarlygy ýokarlandyrmak maksady bilen, 2023-nji ýylyň dekabrynda «Halkara ýeralma güni» döredildi we bu halkara baýramçylygy şu ýylyň 30-njy maýynda bütindünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ilkinji bellenildi. Häzirki wagtda dünýä ilatynyň, takmynan, üçden iki bölegi esasy iýmit hökmünde ýeralmany gündelik sarp edýär.

.

Ответить