«BMW» kompaniýasy Ýewropanyň elektromobil bazarynda birinji orny eýeledi

Geçen aý «BMW» kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek «Tesla» şereketinden öňe geçip, Ýewropanyň elektromobil bazarynda birinji orny eýeledi. Bu barada «Türkmeniň ýüpek ýoly» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 31-nji awgustyndaky №35 (6269) sanynyň 4-nji sahypasynda çap edilen «Ajaýyp netije» atly makalada habar berildi.

Maglumatlara görä, germaniýaly awtoöndüriji Ýewropa 14 869 elektromobil iberdi.

Amerikan kompaniýasy bolsa, 14 561 elektromobil satdy. «BMW» kompaniýasynyň satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 35 göterim ýokarlandy.

Şol bir wagtyň özünde «Tesla Model Y» 9 544 satylan birlik bilen heniz hem Ýewropada iň köp satylan görnüş bolmagynda galýar.

Ответить