«BMW» kompaniýasynyň wekilleri «E ink» atly tehnologiýasyny oýlap tapdylar

«BMW» kompaniýasynyň wekilleri elektrik tolkunynyň täsirine esaslanýan adam saçynyň galyňlygyndaky millionlarça mikrokapsulalar bilen awtoulag gabarasynyň reňkini üýtgetmäge mümkinçilik berýän «E ink» atly tehnologiýasyny oýlap tapdylar. Bu ylmy açyşa esaslanylyp, bir düwmäniň basylmagy bilen dessine akdan goýy reňke we şonuň tersine öwrülip bilýän «BMW iX Flow» konsept awtoulagy döredildi. Bu täzelik barada «bmw-rolf.ru» web saýtynda habar berildi.

            «IX Flow» dolulygyna elektrik sport awtoulagydyr. Onuň daşky gabarasy çyzgylaryna takyk eýerýän millionlarça kiçijek kapsulalary öz içine alýan elektroforetik film bilen örtülen ýaly görünýär. Oňyn ýa-da otrisatel energiýa ulanylanda, tehnologiýa dürli reňkli pigmentleri daşyna çykarýar we kapsulalar goýy ýa-da ak reňke geçýär.

            Tehnologiýanyň diňe bir görnükliligi we reňkiniň üýtgeýändigi bilen däl, eýsem, ýagtylygy hem ýylylygy şöhlelendirmekde ýa-da siňdirmekde-de özboluşly aýratynlyklara eýedigini bellemek gerek. Mysal üçin, salkyn howada goýy reňkli abzallar awtoulagyňyza Gün şöhlesini has köp siňdirmäge kömek eder. Yssy günlerde bolsa ulagyň gabarasynyň reňki şöhläniň ugruny üýtgedip, onuň içiniň gyzmagyny gowşadyp biler.

Ответить