Çarşenbe güni Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 1 714 500 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy

Düýn – 2024-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 1 714 500 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Çarşenbe güni Türkmenistanyň birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan döwletiniň işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy, Serbiýa döwletiniň işewürleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden guradylan arassalanmadyk buýan köki we kök baldaklary satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 1 714 500 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.

Ответить