Рубрика Dünýäde

Özbek dzýudoçy türgen Diýora Keldiýorowa Pariž olimpiýadasynda ýeňiji boldy

Pariž Olimpiýa oýunlarynda özbek dzýudoçysy Diýora Keldiýorowa altyn medal gazandy. 26 ýaşly özbek dzýudoçysy şu günki olimpiýa oýunlarda ilki ýarym finalda Ýaponiýanyň häzirki Olimpiýa çempiony Ute Abeniň 5 ýyllyk ýeňilmezek tapgyryny tamamlady we  ýaryşdan çykardy. Final oýnunda Keldiýorowa ýer eýelerine…

Читать далее

Türkmenistanyň BAE-däki Ilçihanasynda BAE-niň Emirlikleriň Arap atlary jemgyýetiniň uly dolandyryjysy bilen duşuşyk geçirildi

Perşenbe güni – 2024-nji ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçihanasynda Türkmenistanyň bu ýurtdaky Ilçisi Serdar Garajaýew bilen BAE-niň Emirlikleriň Arap atlary jemgyýetiniň uly dolandyryjysy Zaýton Al Mansuriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçihanasynyň resmi…

Читать далее

2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Daşkentde Merkezi Aziýanyň ilkinji bilim forumy geçiriler

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew  Gazagystanyň paýtagty Astana şäheriniň «Akorda» köşgünde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda  şu ýylyň ýylyň oktýabr aýynda Daşkentde Merkezi Aziýanyň ilkinji bilim forumy geçirmekligi teklip etdi. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň resmi…

Читать далее

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygy Özbegistanda geçiriler

Düýn –  2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäheriniň «Akorda» köşgünde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyny  Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirmek barada çözgüt kabul edildi. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň…

Читать далее

Astanada «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň işewürlik maslahaty geçirildi

Düýn – 2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astanada «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň bilelikdäki işewürlik maslahaty geçirildi. Bu barada şu gün Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň resmi web sahypasynda hem-de «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi. Ýaponiýanyň Ykdysadyýet,…

Читать далее

Astanada Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Düýn – 2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Gazagystanyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Bu barada şu gün Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň resmi web…

Читать далее

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(Astana şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy awgusty) Hormatly döwlet Baştutanlary!Hormatly wekiliýet agzalary! Ilki bilen, bildirilen myhmansöýerlik we mejlisiň ýokary derejede guralandygy üçin Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewe minnetdarlygymy beýan etmek isleýärin. Biziň her ýyl geçirilýän duşuşyklarymyz indi däbe öwrüldi…

Читать далее

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy

Düýn – 2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada şu gün Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň resmi web sahypasynda hem-de «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi. Günüň birinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz «Akorda» köşgüne…

Читать далее

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi A.M. Gorçakow adyndaky Jemgyýetçilik diplomatiýasyna goldaw gaznasynyň ýerine ýetiriji müdiri bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Esen Muhammedowiç Aýdogdyýew  A.M. Gorçakow adyndaky Jemgyýetçilik diplomatiýasyna goldaw gaznasynyň ýerine ýetiriji müdiri L.W. Draçewskiý bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň resmi web sahypasynda habar berildi. Duşuşykda söhbetdeşler…

Читать далее