Рубрика Dünýäde

ABŞ-da ýüzünde Trampyň suraty bolan sport aýakgaby (krossowka) peýda boldy

Donald Trampyň janyna howp salnanyndan soňra, ABŞ-nyň 45-nji Prezidentiniň eýeçiligindäki kompaniýanyň web sahypasynda ýüzünde onuň suraty bolan sport aýakgaby (krossowka) peýda boldy. Bu barada «USA Today» gazetinde habar berilýär.          Sport aýakgabyndaky suratda Amerikanyň baýdagy bar, janyna howp salynmagy netijesinde…

Читать далее

Baýden ABŞ-nyň Prezident saýlawyna dalaşgärlikden çekilmeginiň mümkindigini aýtdy

Amerikanyň häzirki döwlet baştutany Jozef Baýden BET teleýaýlymyna beren beýanatynda saglyk ýagdaýyny lukmançylyk barlagyndan geçireninde lukmanlar özünde bir kemçiligiň bardygyny ýüze çykarsa, ABŞ-nyň Prezident saýlawyna dalaşgärlikden çekiljekdigini aýtdy.          «CBS News» neşirinde beýan edilişine görä, Jozef Baýden:  «Eger haýsydyr bir…

Читать далее

Ýewropa Bileleşigi Täjigistana 141 million dollar hemaýat etdi

Ýewropa Bileleşigi Täjigistana 141 million dollar hemaýat etdi. Bu barada «centralasia.news» web neşiri habar berýär.          Ýewropa Bileleşigi bilen Täjigistanyň hyzmatdaş komitetiniň nobatdaky mejlisinde  Täjigistana bölünip berilen grant hem-de ýeňillikli karzlar görnüşindäki 141 million dollaryň bilim, energiýa, senagat we beýleki…

Читать далее

Akylbek Žaparow Gyrgyz Respublikasynda Russiýanyň iri banklarynyň  şahamçalaryny açmagy teklip etdi

Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ministri Akylbek Žaparow Gyrgyz Respublikasynda Russiýanyň iri banklarynyň  şahamçalaryny açmagy teklip etdi. Bu barada «aniq.uz» web saýty habar berdi.          Akylbek Žaparow rus-gyrgyz sebitara konferensiýasynyň 11-nji mejlisinde çykyş etmek bilen: «Taraplaryň maliýe pudagyny döwrebaplaşdyrmak we milli walýutalarda hasaplaşyklary…

Читать далее

Putin Russiýada sanly rubly töleg serişdesi hökmünde köpçülikleýin ulanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde: «Russiýa pursaty elden gidirmeli däldir we sanly işjeňler (aktiwler) üçin içerki söwda-da, daşary söwda-da möhüm şertleri ösdürmeli» – diýip belledi. Bu barada şu gün «aniq.uz» web saýty habar berdi.          Russiýa…

Читать далее

           Çeçenistanyň paýtagtynda Kawkaz maýa goýum forumy geçirildi

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň  «UNA-OIC» habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Kawkaz maýa goýum forumy Çeçenistanyň paýtagty Grozny şäherinde iki günläp dowam etdi. Maslahata 33 ýurtdan 2000 töweregi işewür gatnaşdy.          «Kawkaz — deňizden deňze» mowzugyndaky çäre maýa goýumlary we ykdysady ösüş…

Читать далее

Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesi Owganystanda ilçihanalaryny gaýtadan açmak mümkinçiligini öwrenýär

Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesi Owganystanda ilçihanalaryny gaýtadan açmak we şeýlelik bilen Talyban hereketini ykrar etmek mümkinçiligine seredýär. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär.          Ýewropaly diplomatyň pikiriçe, Brýusseliň işgärleri Owganystanda aýal-gyzlaryň hukuklaryny goramak we sebitde strategiki gatnaşygy döretmek üçin diplomatik wekilhanalary…

Читать далее

Sadyr Žaparow iki günlük resmi iş sapary bilen Özbegistanda bolar

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow ertir  –  2024-nji ýylyň 18 – 19-njy iýulynda iki günlük resmi iş sapary bilen Özbegistanda bolar. Bu barada şu gün «aniq.uz» web neşiri habar berdi.          Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat…

Читать далее

Ruanda Respublikasynyň häzirki Prezidenti saýlawda 99 göterimden gowrak ses aldy

Ruanda Respublikasynyň häzirki döwlet baştutany Pol Kagame 99,15 göterim ses alyp, Prezident saýlawynda öňde barýar. Merkezi saýlaw topary sesleriň 79 göterimini sanady.          Ruanda Respublikasynyň häzirki döwlet baştutanynyň nobatdaky Prezident saýlawyna dalaşgärligini 7,1 million saýlawçy goldady. Kagame garşydaşlary Ýaşyllar partiýasynyň…

Читать далее