Рубрика Hi-Tech

«Xiaomi» kompaniýasy «Mijia Water Purifier 1200G Pro (MR1282-B)» atly kämil suw arassalaýjysynyň deslapky satuwyna başlady

«Xiaomi» kompaniýasy täze önümini — «Mijia Water Purifier 1200G Pro (MR1282-B)» atly kämil suw arassalaýjysynyň deslapky satuwyna başlady. Bu barada «ixbt.com» web saýtynda habar berildi. Öndüriji täze «1200G Pro» modeliniň öňki «1200G» nusgasy bilen deňeşdirilende, özboluşly aýratynlyklaryň birnäçesini özünde jemleýändigini…

Читать далее

«KIA» 2026-njy ýyla çenli 1 million elektrokar satmagy meýilleşdirýär

Koreýanyň «KIA» awtomobil kompaniýasy geljekki bäş ýyllyk maksatnamasy barada giňişleýin maglumat berdi. Kompaniýa geljekde ýangyçdan has tygşytly peýdalanýan ulaglaryň önümçiligine aýratyn üns berer. 2021-nji ýyldan başlap, kompaniýa her ýyl täze bir elektroulag modeliniň önümçiligini ýola goýdy. Ilkinji peýda boljak ulagyň…

Читать далее

«Beaverlab»kompaniýasy emeli aň bilen üpjün edilen «Finder TW2» astrokamerasyny  satuwa çykardy

«Beaverlab»kompaniýasy emeli aň bilen üpjün edilen «Finder TW2» astrokamerasyny  satuwa çykardy. Bu barada «Rysgal» gazetiniň 2024-nji ýylyň 2-nji sentýabryndaky №36 (730) belgili sanynynyň 5-nji sahypasynda çap edilen «Ykjam programmaly astrokamera» atly makalada habar berildi. Satuwa çykarylan astrokamera  dünýäde emeli aň bilen…

Читать далее

www.sanlyosus.com.tm – ýokary derejeli telekeçilik çözgüdi

Sanly ulgamyň gazananlaryny halk hojalygyna ornaşdyrmakda hususy pudagyň wekilleri önjeýli işleri amala aşyrýarlar. Olaryň biri hem telekeçi Muhammet Ataýewdir. «Sanly ösüş» ady bilen IT hyzmatlary hödürleýän telekeçiniň hünärmenler toparynyň işi, halka hödürleýän hyzmatlary bilen www.sanlyosus.com.tm web saýtynda giňişleýin tanyşmak mümkin.…

Читать далее

Arkadag şäherinde robototehnika kluby açyldy

Bilimler we talyp ýaşlar güni Türkmenistanyň Bilim ministrligi we BMG-niň Çagalar gaznasy Arkadag şäheriniň 1-nji orta mekdebinde robototehnika klubuny açdylar. Klub okuwçylary amaly okatmak arkaly ylym, tehnologiýalar, inženerçilik, sungat we matematika (STEAM) derslerini öwrenmäge höwes döretmegi we beýleki mekdeplere görelde…

Читать далее

Türkmenistanda ykjam enjamlar üçin peýdaly goşundylaryň sany artýar. 

Sanly ykdysadyýetiň ýokarlanmagy bilen Türkmenistanda ykjam enjamlar üçin peýdaly goşundylaryň sany artýar. Olar maliýe amallarynyň dolandyrylmagyny ýeňilleşdirip, pul serişdeleriniň galan möçberini tiz görmäge, öz amallaryňyzy barlamaga, pul geçirimlerini amala aşyrmaga hem-de dürli hyzmatlary tölemäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda möhüm goşundylara gysgaça…

Читать далее

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Sanly okuw hepdeligine badalga berildi

Düýn – 2024-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda «Bilim üçin dolandyrylýan tehnologiýalar» atly şygar astynda Sanly okuw hepdeligi 2024-e badalga berildi. Açylyş dabarasynda ÝUNESKO-nyň bilim boýunça Baş direktorynyň orunbasary Stefaniýa Jannini çykyş etdi, şeýle hem Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň…

Читать далее

«Toyota»kompaniýasynyň  «Century GRMN» modeli Ýaponiýa bilen Hytaýda satuwa çykarylar

«Toyota» kompaniýasynyň  «Century GRMN» modeli Ýaponiýa bilen Hytaýda satuwa çykarylar. Bu barada «Türkmeniň ýüpek ýoly» gazetiniň 2024-nji ýylda neşir edilen №35 (6269) sanynyň 4-nji sahypasynda habar berildi. «Toyota»kompaniýasy «Century GRMN» atly flagman awtoulagyny köpçülikleýin öndürip başlady. Bu ulag öň ýeke-täk nusgada kompaniýanyň…

Читать далее