Рубрика Jemgyýet we syýasat
«Bereketli toprak» gazetine täze baş redaktor bellenildi
Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylyň 5-nji awgustynda gol çeken Permanyna laýyklykda, Guwançmyrat Amanýazowiç Amangeldiýew «Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktory wezipesine bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň web sahypasynda we «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Kasym-Žomart Tokaýew Serdar Berdimuhamedowy Gazagystanda geçiriljek möhüm forumlara uly hormat bilen çagyrdy
Ozal habar berşimiz ýaly, düýn – 2024-nji ýylyň 5-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy…
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
Düýn – 2024-nji ýylyň 5-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň web sahypasynda we «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi. Döwlet Baştutanlary birek-birek…
Türkiýeden Gaza 80 ýük awtoulag ynsanperwer kömegi iberildi
Türkiýäniň Kilis şäherinden Mersin portuna Gazanyň halky üçin ynsanperwer kömegi bilen ýüklenen 80 ýük awtoulagy iberildi. Bu barada «aniq.uz» web saýty habar berdi. Ýük awtoulaglaryny ugradyş dabarasynda çykyş eden IHH ynsanperwer guramasynyň wekili Ýakup Alaja ynsanperwer kömeginiň Gazanyň halkynyň kynçylyklaryny…
Russiýa bilen Siriýa milli walýutalarda söwda etmegi meýilleşdirýär
Russiýa we Siriýaiki ýurduň arasyndaky söwda amallarynda milli walýutalarda – rublda we Siriýa lirasynda hasaplaşyk geçmek meselesini ara alyp maslahatlaşýarlar. Bu barada «Известия» Siriýanyň Moskwadaky ilçihanasynyň beýanyna salgylanyp, habar berdi, Ilçihana beýanynda «Siriýanyň we Russiýanyň Merkezi banklarynyň wekilleriniň arasynda ähli…
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy
2024-nji ýylyň 3-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň önümçilik desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy hem-de dikuçarda “akylly” şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda…
Türkiýäniň eksport mukdary 267 milliard dollara ýeter
Türkiýäniň eksport mukdary ýylyň ahyryna çenli 267 milliard dollara ýeter. Bu maksat, türk hökümetiniň orta möhletli ykdysady maksatnamasynda öz beýanyny tapdy. Bu barada «yenicag.az» web saýty Türkiýäniň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň sözlerine salgylanyp habar berdi. Türkiýäniň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň sözlerine görä,…
Russiýada kriptowalýuta söwdasy kanunlaşdyryldy
Russiýanyň Döwlet Dumasy ýurtda kriptowalýuta satmagy düzgünleşdirýän kanuny tassyklady. Bu barada www.yeniazerbaycan.com elektron gazeti Russiýanyň kanun çykaryjy edarasynyň web sahypasynda ýerleşdirilen maglumatlara salgylanyp habar berdi. Tassyklanan täze kanunda Russiýanyň çäginde hasaba alnan edara görnüşli taraplaryň we aýry-aýry telekeçileriň bu işe gatnaşyp biljekdigi aýdylýar.…
Türkiýe Ukraina bilen erkin söwda şertnamasyny tassyklady
Anna güni Türkiýe Ukraina bilen erkin söwda şertnamasyny tassyklady. Bu barada «aniq.uz» web saýty Türkiýe Respublikasynyň «Resmi Gazete» atly metbugat neşiriniň täzeliklerine salgylanyp habar berdi. Türkiýe bilen Ukrainanyň arasyndaky erkin söwda şertnamasynyň Ukrainanyň parlamenti – Ýokary Rada tarapyndan tassyklanmagyna garaşylýar.…
ABŞ-nyň Türkmenistana täze bellenen ilçisi Elizabet Rud türkmen dilini bilýär
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud türkmen dilini bilýär. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň resmi web saýtynda we zamanturkmenistan.com.tm elektron metbugat neşirinde habar berildi. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilçisi Elizabet Rud 24-nji…