Рубрика Jemgyýet we syýasat
Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. Bu resmi habar «Türkmenistan» gazetiniň şu günki – 2024-nji…
«Bank of China» Moskwa biržasy bilen işlemegini bes etdi
Hytaýyň iň iri döwlet banklaryndan biri bolan «Bank of China» Moskwa biržasy bilen işlemegini bes etdi. Bu barada şu gün «Коммерсант» habar berdi. «Bank of China» banky söwda amallarynda hytaý walýutasy boýunça hasaplaşyk geçirmek bilen öz bankynyň wezipelerini ýerine…
Türkiýe Yraga elektrik energiýasyny eksport edip başlady
Türkiýäniň Energetika we tebigy baýlyklar ministri Alparslan Baýraktar öz ýurdunyň düýn gijeden bäri Yraga elektrik energiýasyny eksport edip başlandygyny aýtdy. «Biz düýn gije goňşymyz Yraga elektrik eksportyny täzeden başladyk, şonuň bilen birlikde «Ösüşe barýan ýol» taslamasy arkaly sebitimizdäki abadançylygy…
Russiýanyň Hytaýa energiýa üpjünçiligi rekord derejä ýetdi
Russiýanyň Hytaýa energiýa üpjünçiligi rekord derejä ýetdi. Muny Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin mälim etdi. Bu barada «РИА Новости» habar berdi. Putin: «Nebit, gaz, kömür we elektrik pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk yzygiderli giňelýär. Russiýanyň Hytaýy energiýa bilen üpjün etmegi rekord derejede.…
Özbegistan daşary söwda dolanyşygynda iň işjeň 10 ýurdy mälim etdi
Özbegistan 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda daşary söwda dolanyşygynda iň işjeň 10 ýurdy mälim etdi. Bu barada «aniq.uz» web saýty habar berdi. Özbegistanyň Statistika gullugynyň deslapky maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Özbegistan Respublikasynyň daşary söwda dolanyşygynda uly paýy bolan…
Indoneziýa rus nebitini satyn almak üçin tender sanawyna goşdy
Indoneziýanyň döwlet nebit we gaz kompaniýasy Pertamina sentýabr aýynda rus nebitini satyn almak üçin ony tender sanawyna girizdi. Bu barada «Reuters» habarlar agentligi habar berdi. Bu habarlar agentliginiň habaryna görä, Pertamina Russiýadan uzak wagt bäri nebit satyn almandyr, ýöne…
Baýden ABŞ-niň Prezident saýlawyna dalaşgärlikden çekildi
ABŞ-niň Prezidenti Jozef Baýden düýn – 2024-nji ýylyň 21-nji iýulynda Prezident saýlawyna dalaşgärlikden çekilýändigini habar berdi. Bu barada Özbegistanyň Milli habarlar agentliginiň «uza.uz» web saýty habar berdi. Jozef Baýden öz halkyna ýüzlenmesinde: «ABŞ-niň Prezidentiň wezipesini ýerine ýetirmek meniň durmuşymyň…
Şu gün Aşgabatda XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjy türkmen türgenlerini ugratmak dabarasy geçirildi
Şu gün – 2024-nji ýylyň 22-nji iýulynda Aşgabatda XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjy türkmen türgenlerini ugratmak dabarasy geçirildi. Bu barada «Ata Watan Türkmenistan» halkara žurnalynyň «atavatan-turkmenistan.com» web saýtynda habar berildi. Maglumatlara görä, giň sport jemgyýetçiliginiň köp sanly wekilleri –…
Russiýa ýük gatnawyny 2040-njy ýyla çenli üç esse artdyrmagy meýilleşdirýär
Russiýa «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň üsti bilen daşalýan ýükleriň möçberini 2040-njy ýyla çenli üç esse artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu habar bolsa, «Biznes reklama» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 22-nji iýulyndaky №30 (1337) sanynyň 8-nji sahypasynda neşir edilen «Russiýa…
Astanada 2025-nji ýyla çenli polietilen paketleriň ulanylmagyny doly bes etmek göz öňünde tutulýar
2025-nji ýyla çenli Gazagystanyň Astana şäherindäki supermarketlerde hem-de beýleki söwda nokatlarynda polietilen paketleriň ulanylmagyny doly bes etmek göz öňünde tutulýar. Bu barada, «Biznes reklama» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 22-nji iýulyndaky №30 (1337) sanynyň 8-nji sahypasynda neşir edilen «Astanada…