Daşkentde Günorta Gazagystan uniwersitetiniň şahamçasy açylar.

Daşkent welaýatynyň Çirçik şäherinde Günorta Gazagystan uniwersitetiniň Muhtar Awezow adyndaky şahamçasy dörediler. Bu barada Özbegistanyň Ministrler Kabinetiniň degişli karary kabul edildi. Gürrüňi edilýän täzelik «gazeta.uz» web sahypasynda habar berilýär.

         Şahamçanyň işiniň esasy ugurlary:

  • ykdysady pudaklara häzirki zaman talaplaryna esaslanýan halkara bilim ülňülerine laýyklykda ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak;
  • bilimiň, ylymyň we önümçiligiň dowamlylygy we yzygiderliligi,
    şeýle hem dünýäniň abraýly bilim we ylmy merkezleri bilen sazlaşykly hyzmatdaşlyk esasynda işgärleri taýýarlamak, hünär derejelerini ýokarlandyrmak we kämilleşdirmek ulgamyny ornaşdyrmak;
  • häzirki zaman bilimleri we başarnyklary bolan hünärmenleri taýýarlamak işinde ösen we kämil tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, ýokary derejeli professor mugallymlary we köp ýyllyk iş tejribesi bolan mugallymlary işe çekmek;
  • öňdebaryjy ýokary okuw jaýlary, ylmy-barlag merkezleri we daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy döretmek, ösdürmek we berkitmek;
  • ylmy we ylmy-pedagogiki işgärleriň hünär ussatlygynyň derejesini we hilini yzygiderli kämilleşdirmek, kärlerini ýokarlandyrmak we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde tejribe geçirmek;
  • düýpli, amaly we innowasion ylmy-barlaglaryny alyp barmak we netijelerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek, ylmy-barlag institutlary bilen hyzmatdaşlykda ylmy we tehniki meseleleri çözmäge gönükdirilen amaly we innowasion ylmy-barlaglary amala aşyrmak.

         Şahamça dalaşgärleri kabul etmek we uçurymlary tassyklamak uniwersitet tarapyndan Özbegistanyň Ýokary bilim, ylym we innowasiýa ministrligi tarapyndan tassyklanan talaplara we möhletlere laýyklykda amala aşyrylýar. Şahamçany gutaranlar Özbegistanda ýokary bilim resminamasy hökmünde ykrar edilen uniwersitet diplomy bilen sylaglanar.

         Şahamça bellenilen tertipde ygtyýarnama alandan soň bilim işleri bilen meşgullanmaga rugsat berilýär.

         Şeýle hem, Günorta Gazagystan uniwersitetiniň Daşkentdäki Muhtar Awezow adyndaky şahamçasynda hemaýata mätäç maşgalalaryň zehinli we ukyp-başarnykly çagalarynyň mugt okuwa girmekligi üçin giň mümkinçilikler dörediler.

Ответить