«Daýhan sarpasy» daýhan hojalygynda sowadyjy ammarlar toplumy hereket edýär.

«Daýhan sarpasy» daýhan hojalygynda degişli sowadyjy ammarlar toplumy hereket edýär.  Bu barada «Rysgal» gazetiniň 2024-nji ýylyň 15-nji iýulyndaky sanynyň 3-nji sahypasynda neşir edilen «Sowadyjy ammarlaryň ähmiýeti uly» atly makalada habar berilýär.

         Daşary döwletleriň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilýän ammarlaryň umumy sygymy müňlerçe tonna barabar bolup, munuň özi örän uly görkezijidir. Ol ýerde ýetişdirilýän miwe hasylyny terligine, asyl durkuny üýtgetmezden, uzak wagtlap saklamak üçin ähli amatly şertler we mümkinçilikler döredilipdir.

         Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän «Daýhan sarpasy» daýhan hojalygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup, oňa döwlet tarapyndan bölünip berlen 60 gektar ýer böleginde karlik görnüşli miwe baglary ösdürilip ýetişdirilýär. Bu baglar daşary döwletlerden ýörite getirilip, häzirki wagtda olardan tapgyrlaýyn esasda bol hasyl alynýar. Alma, armyt, ülje, garaly, şetdaly ýaly miwe baglaryndan alynýan ekologiýa taýdan arassa miwe hasyly ýerli söwda nokatlaryna ugradylýar.

         Munuň özi bu daýhan hojalygynda işleriň göwnejaý ýola goýlandygyny görkezýär. Dogrudan-da, hojalygyň işgärleri meýilnama boýunça her günki ýerine ýetirmeli işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Bu bolsa miweli baglara ideg etmegi tapgyrlaýyn hem-de dowamly esasda amala aşyrmaga şert döredip, hemişe eýeçilik gözi bilen seredilýän baglar ýokary hasyl bermäge ukyply bolýarlar.

Ответить