Demirgazyk Koreýanyň öňki diplomaty Günorta Koreýada ministriň orunbasary boldy

Demirgazyk Koreýanyň öňki diplomaty Taý Ýong-ho Günorta Koreýanyň Prezidentiniň ýanyndaky Birleşiş boýunça maslahat beriş geňeşiniň täze başlygy wezipesine bellendi. Şeýlelik bilen, Milli Assambleýada orum alan birinji deputat, weministriň birinji orunbasary bolup, günorta göçüp gelen müňlerçe demirgazyklylaryň arasynda iň ýokary derejeli bosgun statusyny aldy. Bu barada «uza.uz» elektron neşiri habar berdi.  

         62 ýaşly Taý 2016-njy ýyldan başlap günorta göçýänçä çenli Demirgazyk Koreýanyň Beýik Britaniýadaky ilçisiniň orunbasarydy.

Ответить