«Home decor» dizaýn studiýasy içerki dizaýn, gurluşyk we abatlama işleri boýunça ýöriteleşen hyzmatlary müşderilere hödürleýär.

Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Home decor» dizaýn studiýasy içerki dizaýn, gurluşyk we abatlama işleri boýunça ýöriteleşen hyzmatlary müşderilere hödürleýär. Bu barada «Rysgal» gazetiniň 2024-nji ýylyň 15-nji iýulyndaky sanynyň 6-njy sahypasynda neşir edilen «Gözelligiň we oňaýlylygyň ajaýyp sazlaşygy» atly makalada habar berilýär.

         «Home decor» dizaýn studiýasy indi birnäçe ýyldan bäri hereket edýär. Dizaýn studiýasynyň işgärler toparyny ýaş, işine ussat, döredijilikli pikirlenip bilýän hünärmenler düzýär. Dizaýn studiýasyny esaslandyryjy Witaliý Mazunin dizaýn işine kreatiw pikirlere baý, täzeliklere öwrenişmäge we olary döretmäge ukyply bolan ýaşlary çekmäge aýratyn üns berýär.

         «Home decor» dizaýn studiýasy müşderileriň sargytlary boýunça amala aşyrylýan işlerde gözellik, sazlaşyk we oňaýlylyk esasy orunda durýar. Bu dizaýn studiýasynyň ajaýyp önümleri ýurdumyzyň islendik künjegindäki öýleriň we ofisleriň aýratyn bezegine öwrüldi diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Müşderileriň isleglerine we buýurmalaryna görä bezeg serişdeleri, öý goşlary dürli materiallardan, dürli ölçeglerde taýýarlanylýar. Paýtagtymyz Aşgabadyň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri bolan «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýän «Home decor» dizaýn studiýasynyň dukanynda müşderiler taýyn harytlar bilen tanşyp bilerler. Mundan başga-da, müşderiler studiýanyň hünärmenleri bilen habarlaşyp, özlerine gerekli harytlary sargyt edip bilerler.

Ответить