Döwletjan Ýagşymyradow «Professional Fighters League 8» (PFL 8) ýaryşynyň finalynda çykyş etmäge hukuk gazandy

Düýn — 17-nji awgustda säher bilen (Aşgabat wagty bilen) söweş sungatynyň garyşyk görnüşi boýunça çykyş edýän türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow «Professional Fighters League 8» (PFL 8) ýaryşynyň regulýar möwsüminiň ýarym finalyndaky aýgytlaýjy tutluşygyny geçirdi. Bu barada Türkmenistan Habarlar portalynda habar berildi.

Golliwudda (ABŞ) guralan ýarym agyr agram derejesindäki tutluşykda ildeşimiz awstraliýaly Rob Uilkinsony ýeňlişe sezewar etdi.

3 raund dowam eden tutluşykda eminleriň biragyzdan gelen netijesi esasynda Döwletjanyň ýeňiş gazanandygy belli boldy (30–27, 30–27, 30–27).

Şeýlelikde, Döwletjan Ýagşymyradow ýaryşyň finalynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Türkmen pälwany PFL-iň Gran-prisiniň finalynda Impon Kasanganyň garşysyna çykar.

Ответить