Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty 2021/2022-nji okuw ýyly üçin bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

Tölegli esasda bakalawrlary taýýarlamagyň ugurlary:

  1. Dil bilimi we edebiýaty öwrenmek (taýýarlygyň ugurlary: italýan dili; iňlis dilini okatmagyň usulyýeti; terjime we terjimeçilik işi (iňlis dili); nemes dili; fransuz dili; rus dilini okatmagyň usulyýeti; terjime we terjimeçilik işi (rus dili); arap dili; pars dili; türk dili; hytaý dili; ýapon dili; koreý dili; hindi dili; türkmen dilini okatmagyň usulyýeti).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2020-nji ýylyň 6 — 19-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Fakultetler:
Iňlis dili we edebiýaty fakulteti

Terjimäniň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
Iňlis filologiýasy kafedrasy
Iňlis dili kafedrasy
Roman-german dilleri we edebiýaty fakulteti
Roman-german dilleri kafedrasy
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
Pedagogika we psihologiýa kafedrasy
Bedenterbiýe kafedrasy
Rus dili we edebiýaty fakulteti
Rus diliniň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
Rus dili kafedrasy
Rus edebiýaty kafedrasy
Dil bilimi kafedrasy
Gündogar dilleri we edebiýaty fakulteti
Ýakyn gündogar dilleri kafedrasy
Uzak gündogar dilleri kafedrasy
Türkmen dili kafedrasy
Türkmen edebiýaty kafedrasy
Dünýä edebiýaty kafedrasy
Hünär derejesini ýokarlandyryş fakulteti
Hünärler:

Iňlis dili
Nemes dili
Fransuz sili
Ispan dili
Rus dili
Arap dili
Pars dili
Türk dili
Hytaý dili
Ýapon dili
Koreý dili
Hindi dili
Türkmen dili we edebiýaty
Taýýarlygyň ugry: bakalawr derejesinde
Iňlis dilini okatmagyň usulyýeti
Terjime we terjimeçilik işi (iňlis dili)
Nemes dili
Fransuz sili
Ispan dili
Italýan dili
Rus dilini okatmagyň usulyýeti
Terjime we terjimeçilik işi (rus dili)
Arap dili
Pars dili
Türk dili
Hytaý dili
Ýapon dili
Koreý dili
Hindi dili
Türkmen dilini okatmagyň usulyýeti
Taýýarlygyň ugry: magistr derejesinde
Daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýeti          Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, talyplaryň hünär taýýarlygyny dünýä ülňülerine laýyk getirmäge gönükdirilen kararlaryny ýerine ýetirmek üçin institutda okuw işleri 5 ýyl okuw möhletine niýetlenen okuw meýilnamalary we maksatnamalary, taýýarlygyň bakalawr derejesi üçin 4 ýyl, magistr derejesi üçin 1 ýyl okuw möhletine niýetlenen okuw meýilnamalary we maksatnamalary boýunça alnyp barylýar.


SALGYSY: Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy
TELEFON BELGILER: +993 12 36 84 08
EMAIL: datmddi@online.tm

Resmi web saýt: Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty (datmddi.edu.tm)

Ответить