Dubaýda «Trump Tower Dubai» atly belent diň gurlar

ABŞ-nyň eks-prezidenti we häzirki wagtda-da Prezident saýlawyna dalaşgär Donald Trampyň kompaniýasy Saud arabystanly kärdeşi bilen nebite baý aýlag sebtindäki iň soňky taslamasyny BAE-niň biznes merkezi bolan Dubaýda «Trump Tower Dubai» atly belent diň gurmak üçin bilelikdäki şertnama  gol çekdi.

         «Al-Arabiya» teleýaýlymynyň habaryna görä, «Trump Tower Dubai» diňi Dubaýdaky iň meşhur lýuks haryt bazarynda gurlar. Bu barada Dubaý şäheriniň «Dar Global» gozgalmaýan emläk kompaniýasynyň metbugat beýanatynda hem mälim edildi.

         Saud Arabystanynyň «Dar Al Arkan» toparynyň halkara golçur kompaniýasy bolan «Dar Global» bu taslamanyň häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän Tramp myhmanhanasyny we ýaşaýyş jaýlaryny öz içine alýandygyny aýtdy.

         Bu bildiriş «Dar Global» kompaniýasynyň Tramp kompaniýasy bilen belent diň gurmak babatda Saud Arabystanynyň deňiz kenarýakasyndaky Jidda şäherinde aýratyn şertnama baglaşandan iki hepdeden gowrak wagt geçeninden soňra mälim edildi. «Dar Global» kompaniýasynyň web saýtynda ýerleşdirilen maglumata görä, bu ýurda goňşy Omanyň paýtagtynda 2028-nji ýylda tamamlanjak Tramp myhmanhanasy üçin taslamalar hem taýýarlanýar.

Ответить