Dünýä bazary üçin Hindistanda hem «iPhone 16» smartfony öndürilip başlanar

Dünýä bazary üçin Hindistanda hem «iPhone 16» smartfony öndürilip başlanar. Bu barada «Biznes reklama» gazetiniň şu günki sanynda habar berdi.

«Apple» kompaniýasy täze «iPhone 16» smartfonuny Hindistanda öndürmegi hem-de şol ýerden dünýä bazarlaryna ibermegi meýilleşdirýär. Bu barada Hindistanyň elektronika we aragatnaşyk tehnologiýalary ministri Aşwini Waýşnaw mälim etdi. Mundan ozal, «Apple» Hindistanda diňe ýerli bazar üçin niýetlenilen smartfonlary öndürýärdi.

Hünärmenleriň bellemeklerine görä, «Apple» kompaniýasynyň «iPhone» smartfonlarynyň önümçiligini diwersifikasiýa etmekden esasy maksady üýtgeýän geosyýasy ýagdaýlar we üpjünçilik zynjyryndaky näbellilik sebäpli bir ýurda garaşlylygyny azaltmak bolup durýar.

Şeýlelikde, indiden beýläk global bazara niýetlenilen «iPhone» smartfonlarynda diňe bir «Made in China» däl, eýsem, «Made in India» diýlip hem ýazylyp bilner.

Ответить