Dünýä çempiony Ýulduz Jumabaýewa Türkmenistanyň Prezidentiniň «Lexus LX 570 Sport Plus» awtoulag sowgadyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugy bilen, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Ýulduz Alymbaý gyzy Jumabaýewa 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 45 kilogram agramda çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolandygyny göz öňünde tutup, ak reňkli «Lexus LX 570 Sport Plus» kysymly ýeňil awtoulag serişdesi sowgat berildi.

Ýulduz Jumabaýewanyň tälimçisine bolsa ýaşaýyş jaýy sowgat berildi

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika bölüminiň tälimçi-mugallymy Meretguly Sähetmyradowa sport ýaryşlarynda ýeňiji bolup, baýrakly orunlary eýeleýän türgenleri taýýarlandygyny göz öňünde tutup, Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherjiginiň 4-nji jaýynyň birinji gatynda ýerleşýän üç otagly 149 inedördül metr ölçegi bolan 24-nji öýi sowgat berildi. Degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Häzirki wagtda Ý.Jumabaýewa ýurdumyzyň milli ýygyndysy bilen bilelikde aprel aýynda Özbegistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Aziýanyň çempionatyna taýýarlyk görýär. Bu ýaryşlaryň netijesinde Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyza wekilçilik etjek türgenler kesgitlener.

Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Ответить