Duşenbe güni Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 945 750,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy
Duşenbe güni, Türkmenistanyň birža söwdalarynda jemi 945 750,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.
2024-nji ýylyň 19-njy awgustynda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan döwletiniň işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden “TS -1” kysymly awiakerosini şeýle-hem, Türkiýe döwletiniň işewürleri ýerli hususy kärhanasyndan arassalanan nah galyndylaryny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 945 750,00 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.